Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Moskwa: Sud Magnitskiniň işine garar


Penşenbe güni Moskwa şäheriniň Twerskoý raýon sudunda orsýetli merhum ýurist Sergeý Magnitskiniň eden işleri bilen baglanyşykly sud prosesi gaýtadan başlanar diýlip garaşylýar.

Bu sud prosesinde Sergeý Magnitskiniň diri wagty “Hermitage Capital Management” kompaniýasynda onuň ýolbaşçysy bolup işlän asly amerikaly britan raýaty Wilýam Browdere hem gaýybana sud ediler.

Orsýetiň häkimiýetleri merhum ýurist Sergeý Magnitskini we onuň ozalky ýolbaşçysy Wilýam Browderi Orsýetiň territoriýasynda bikanun ýollar arkaly maliýe we aksiýa galplyklaryny amala aşyranlykda aýyplaýarlar.

Ýöne bu aýyplamalardan has öň 2008-nji ýylda ýurist Sergeý Magnitskiý Orsýetiň ýokary derejeli birnäçe resmisini 230 million dollarlyk maliýe galplygynda aýyplanda, ol tiz wagtdan tussag astyna alnypdy.

Bir ýyla golaý wagtlaýyn tussaghanada oturandan soň, Magnitskiý saglyk ýagdaýynyň ýaramazlaşmagy netijesinde tussaglykda aradan çykypdy.

Sergeý Magnitskiniň dogan-garyndaşlary oňa bildirilýän aýyplamalar boýunça sud diňlenişigini baýkortirläp, oňa gatnaşmajakdyklaryny mälim etdiler.
XS
SM
MD
LG