Sepleriň elýeterliligi

Aşgabatda deňiz meselesi maslahat edilýär


Çarşenbe güni Aşgabatda kaspiýaka ýurtlarynyň degişli ministrlikleriniň we guramalarynyň wekilleri deňziň biologik resurslaryny goramak hem-de ondan tygşytly peýdalanmak meseleleri bilen baglanyşykly maslahata ýygnandylar.

Bu maslahatda Kaspi deňziniň biologik resurslaryny goramak hem-de ondan tygşytly peýdalanmak barada ýörite ylalaşygyň taslamasynyň maslahat ediljekdigi habar berilýär.

Maslahatyň işine Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň we Orsýetiň balyk hojalygy, tebigaty goraýyş, tebigy resurslardan peýdalanyş we käbir beýleki pudaklarynyň ýolbaşçylarydyr spesialistleri gatnaşýarlar.

Munuň özi bu gürrüňi edilýän ugur boýunça ýörite ylalaşygyň taslamasyny işläp düzmek boýunça geçirilýän şeýle üçülenji maslahatdyr.
XS
SM
MD
LG