Sepleriň elýeterliligi

Seul Phenýanyň hüjümlerine garşy durmaga taýýardygyny aýdýar


Günorta Koreýanyň "Patriot" raketalarynyň ýerleşýän ýeri, Seul, 11-nji aprel, 2013.

Günorta Koreýanyň "Patriot" raketalarynyň ýerleşýän ýeri, Seul, 11-nji aprel, 2013.

Günorta Koreýa Demirgazyk Koreýanyň raketalarynyň hüjümlerine garşy durmaga taýýardygyny yglan etdi.

Günorta Koreýanyň Goranmak ministrliginiň metbugat wekili Kim Min-seok hepdäniň penşenbe güni žurnalistleriň öňünde çykyş etdi. Kim Min-seokyň sözlerine görä, eger “Demirgazyk Koreýanyň raketalary Günorta Koreýanyň ”Patriot” raketalarynyň ýerleşýän ýerine gönükdirilse, Seul bu raketalary atyp ýok edip biler”.

Seul tarapyndan edilen bu resmi beýannamanyň öňüsyrasynda Günorta Koreýanyň razwedkasy Demirgazyk Koreýanyň orta uzaklyga atylýan iki sany raketany öz gündogar kenaryndan atmaga taýýarlyk görýändigi baradaky çaklamalaryny mälim edipdi.

ABŞ-nyň nykdaý nazary

Şu hepdäniň çarşenbe güni ABŞ-nyň goranmak sekretary Çak Hagel Demirgazyk Koreýa onuň “howply bir derejä” ýetendigini duýdurdy. Şeýle-de Hagel Phenýanyň edýän çykyşlaryny we özüni alyp barşyny “agressiw” diýip atlandyrdy.

Pentagonda eden bu çykyşynda ABŞ-nyň goranmak sekretary Çak Hagel Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jong Uny “näme etjegini öňünden çaklap bolmaýan” häsiýetli bir adam diýip atlandyrdy we Waşingtonda ABŞ-a we onuň ýaranlaryna, şol sanda Günorta Koreýa we Ýaponiýa abanýan howplara garşy durmak boýunça planyň bardygyny aýtdy.

Orsýetiň pozisiýasy

Şol bir wagtyň özünde-de Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Moskwa bilen Waşingtonyň arasynda Demirgazyk Koreýa boýunça ylalaşygyň bardygyny aýan etdi. Emma Lawrow ähli taraplary krizisi güýçlendirmekden saklanmaga çagyrdy.

Sergeý Lawrow Orsýetiň ABŞ bilen “Demirgazyk Koreýa boýunça özara garaýyşlarynyň tapawutlanmaýandygyny” aýtdy. Şeýle-de ol harby hereketler bilen haýbat atmakdan saklanyp, ýagdaýy köşeşdirip boljagyny belledi.

Lawrow bu çykyşyny “Uly sekizlik” guramasynyň Londonda bolan duşuşygynda aýtdy.

Şu ýylyň fewral aýynda, Phenýan özüniň üçünji ýadro synagyny geçirensoň, BMG Demirgazyk Koreýa garşy sanksiýalary güýçlendirdi. Şondan bäri Phenýan Günorta Koreýa we Birleşen Ştatlara garşy ençeme sapar haýbat atyp çykyş etdi.

15-nji aprelde Demirgazyk Koreýa ýurduň esaslandyryjysy we häzirki lider Kim Ýong Unyň babasy Kim Ir Seniň doglan gününi bellemäge taýýarlanýar. Munuň bilen birlikde ýurduň bu senä gabatlap raketa synagyny geçirmeginiň ähtimaldygy baradaky howatyrlanmalar hem artýar.
XS
SM
MD
LG