Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

G-8 gyzgyn nokatlar hakda maslahat edýär


G-8 toparynyň indi ikilenji gün Londonda geçirýän maslahatynda Siriýadaky uruşlar, Demirgazyk Koreýanyň haýbat atyjy duýduryşlary we Eýranyň ýadro programmasy bilen baglanyşykly meseleler gün tertibindäki esasy meseleler bolmagynda galýar.

Bu maslahatyň çäklerinde G-8 toparyna girýän ýurtlaryň daşary işler ministrleri aýry-aýry gepleşikler hem geçirýärler.

Çarşenbe güni bu maslahatyň çäklerinde Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Jon Kerri bilen Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow hem özara duşuşyp, Siriýa we Demirgazyk Koreýa bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahtalaşdylar.

Bu duşuşygyň yzy bilen eden çykyşynda Sergeý Lawrow Demirgazyk Koreýa bilen bagly meselede Moskwa bilen Waşingtonyň pozisiýalarynda hiç hili tapawudyň ýokdugyny aýtdy.

Şol bir wagtyň özünde-de, ol harby hereketler arkaly hiç bir tarapyň ýagdaýy dartgynlaşdyrmaly däldigini nygtady. G-8 toparyna Birleşen Ştatlar, Britaniýa, Kanada, Fransiýa, Germaniýa, Italiýa, Ýaponiýa we Orsýet girýär.
XS
SM
MD
LG