Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Luwryň işgärleri iş taşlaýyşlykda


Parižiň Luwr muzeýiniň işgärleri çarşenbe güni yglan eden iş taşlaýyşlyklaryny penşenbe güni bes ederler diýlip garaşylýar.

Parižiň bu meşhur muzeýiniň işgärleri muzeýi wagtlaýynça ýapmaklarynyň sebäbini muzeýiň içinde yzygiderli hereket edýän ogrularyň sanynyň kem-kem artýandygy bilen düşündirýärler.

Muzeýiň resmileri Luwr muzeýiniň içinde jenaýatçy toparlar görnüşinde örän köp ownuk ogrularyň hereket edýändigini we olaryň arasynda keseki ýurtlardan gelen çagalaryň-da bardygyny aýdýarlar.

Bu muzeýiň ýolbaşçylary öz müşderilerini bu ogrulardan goramak maksady bilen indi howpsuzlyk çärelerini has ýokarlandyrmaklygy planlaşdyrýandyklaryny mälim etdiler. Parižiň dünýä meşhur bu Luwr muzeýine her ýyl 10 million töweregi tomaşaçy sapar edýär.
XS
SM
MD
LG