Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bakudaky bilim merkezi ýapyldy


Azerbaýjanyň Baş prokuraturasy demokratik gymmatlyklara ýardam bermek maksady bilen döredilen Bakudaky bilim merkezini ýapyp, onda barlag işlerini ýola goýdy.

“Azat pikir uniwersiteti” diýlip atlanydyrylýan bu merkeziň wekilleri Azatlyk Radiosyna beren gürrüňlerinde çarşenbe güni Baş prokuraturanyň işgärleriniň gelip, hiç hili sebäbini düşündirmezden, Bakudaky bu bilim merkeziniň jaýlarynyň gapylaryny möhürläp gidendiklerini mälim etdiler.

Bu wakanyň yzy bilen BBC habar gullugyna beren interwýusynda Baş prokuraturanyň metbugat sekretary deslapky derňewler tamamalanan badyna, bu çäräniň sebäpleriniň yglan ediljekdigini aýtdy. Bakudaky bu bilim merkezi 2009-njy ýylda ýerli ýaşlar hereketi tarapyndan esaslandyrylypdy.

Merkeziň düzgünnamasynda onuň maksadynyň azerbaýjanlylara interaktiw leksiýalar we diskussiýalar arkaly demokratik gymmatlyklar barada aň-düşünje bermekden ybaratdygy aýdylýar.

Şu günki güne çenli bu merkeze ABŞ-nyň we Britaniýanyň Bakudaky ilçihanalary, şeýle hem USAID we “National Democratic Institute” ýaly halkara guramalary ýardam berip geldiler.
XS
SM
MD
LG