Sepleriň elýeterliligi

Türkmençaý şertnamasy täzeden gün tertibinde


Türkmençaý şertnamasy

Türkmençaý şertnamasy

Azerbaýjanyň häkimiýet başyndaky partiýasynyň bir agzasy Eýran kanun çykaryjylarynyň 19-njy asyrda iki ýurduň arasyndaky araçägi kesgitlän şertnama boýunça täzeden gepleşik geçirilmeli diýen çagyryşyna oňyn reaksiýa görkezdi.

Eýranyň döwlet mediasynda, 185 ýyl mundan ozal baglaşylan Türkmençaý şertnamasy boýunça täzeden gepleşik geçirilmegi, günorta Azerbaýjanyň Tähran tarapyndan anneksirlenmegine getirer diýen pikirden ugur alynýar.

Ýöne Bakuwda häkimiýet başyndaky "Ýeni Azerbaýjan" partiýasynyň ýerine ýetiriji sekretarynyň orunbasary Siýawuş Nowruzow "Şertnama barada täzeden gepleşilse, Eýran demirgazyk-günbatar territoriýany Azerbaýjana bermeli bolar" diýýär.

Türkmençaý şertnamasy 1828-nji ýylda Orsýet-Eýran urşunda ors patyşasynyň goşunlary Eýran goşunlaryny ýeňensoň baglaşyldy. Uruşda ýeňlişe uçran parslar Ermenistan bilen Azerbaýjanyň üstünden Orsýetiň agalygyny kabul etmeli boldular. Türkmençaý şertnamasy boýunça iki ýurduň arasyndaky serhet Araz derýasy boýunça geçýär.

1991-nji ýylda Sowet Soýuzy dargansoň, bu araçäk Eýran bilen öňki sowet respublikalary Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasyndaky serhede öwrüldi.

Täze kanun taslama

Aýdylyşyna görä, indi demirgazyk-günbatar boýunça Eýranyň parlament wekilleri bir kanun taslamasyny taýýarlaýarlar. Bu taslamada Türkmençaý şertnamasynyň täzeden gözden geçirilmegi ündelýär.

Eýranyň "Pars" habar gullugy 9-njy aprelde ýurduň Ardebil welaýatyndan bolan deputat Kamaloddin Pir-Moazzene salgylanyp, kanun çykaryjylaryň bu taslamanyň üstünde işleýändigini bildirdi.

10-njy aprelde hem başga bir deputat günbatar Azerbaýjan welaýatynyň paýtagty Urumiýeden bolan Nader Gazypuruň, eger-de Baku öz "ýaramaz işlerini" bes etmese, parlamentiň şertnamany üýtgetmäge taýyndygyny aýdandygyny habar berdi.

Ýöne Bakuwdan Nowruzow oňa garşy çykýar we – bu şertnama gol çeken möhüm şahsyýetleriň biri Gajar dinastiýasynyň şazadasy Abbas Mirza türki dilli gadymy Azerbaýjan maşgalasyndandy diýip delil getirýär. Ol: "Şol sebäpden legitimlik boýunça Türkmençaý şertnamasy parslaryň şertnamasy däl, azerbaýjanlaryň şertnamasy" diýýär.

Azerbaýjan-Eýran gatnaşyklary

Azerbaýjan bilen Eýranyň arasyndaky gatnaşyklar soňky aýlarda dartgynlaşdy. Muňa sebäp bolan Azerbaýjanyň Ysraýyl bilen gatnaşyklary. Eýran Azerbaýjany Ysraýylyň içalylaryna öz territoriýasyndan peýdalanmaga rugsat bermekde aýyplaýar.

Ýöne gatnaşyklaryň has ýaramazlaşmagyna getiren zat – mart aýynyň aýaklarynda Eýranda uly milli azlyk bolan azerilere garaşsyzlyk berilmegini isleýän bir toparyň Bakuwda maslahat geçirmegi boldy.

Üstümizdäki hepde eýran kanun çykaryjylary tarapyndan berlen beýanat iýun aýynda geçmeli prezidentlik saýlawlarynyň öň ýanynda territoriýa, ýagny ýer üstünde gozgalýan ilkinji dawa däl.

Prezidentlige ymtylýan Aýatolla Mohammad Bagyr Harrazy fewral aýynda özi prezident bolsa, Täjigistanyň, Ermenistanyň we Azerbaýjanyň Eýrana "gaýtarylyp alynjakdygyny" aýtdy.

Täjigistanyň Daşary işler ministrligi bu beýanata Harrazy "[Häzirki zaman dünýäsinde] bolýan zatlaryň düýp manysyna, regiondaky hem dünýädäki häzirki ýagdaýa, şeýle hem halkara hukuk düzgünlerine düşünenok" diýip, gaharly jogap berdi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG