Sepleriň elýeterliligi

Bir gezek: Entegem öýlenýän bar-ow


Ýazyjynyň karikaturasy

Ýazyjynyň karikaturasy

Döredijilik işgärleriniň durmuşy, adatça, dürli hili täsin we geň-taň wakalara baý bolýar. Käte olaryň durmuşyndaky adaty bir zat bolup görünýän wakalar wagtyň geçmegi bilen degişme-ýomaklara öwrülip gidýär

Gel, ýaraşaly

Bir gezek Pomma Nurberdi bilen Rähmet Seýidow ikiçäk meýlis – şagalaň edipdir. Arak-şeraby
agarak içen Pomma serhoş bolyp, Rähmet Seýide paýyş sögünipdir. Rähmet Seýit oňa jogap bermän, öykeläp turup gaýdypdyr.

Ertesi serhoşlykdan açylan Nurberdi Pomma bir çüýşe aragy goltugyna salyp, Rähmet Seýidiň öýüne barypdyr. Öten agşam serhoşlukda bolan zatlara ökünýändigini aýdyp, çyny bilen ötünç sorapdyr. Rähmet Seýit ýagşydan-ýamandan dil ýarman öýkeli dymypdyr.

Sabyr käsesi dolan Pomma Nurberdi goltugyndaky çüýşäni ortada goýup:

- Rähmet, şu wagt töwellamy al, gel, ýaraşaly! Bu çüýşäni içsem, ötünç soramaryn. “Öten agşam aýdanlarymyň bary rast diýerin” – diýipdir.

Göwni kir-kimirsiz galamdaş dostunyň sözüne gülen Rähmet Seýidiň öýkesi zym-zyýat bolýar. Ol “Ýaraşýarys” diýip, elini uzadypdyr. Soňra-da aýalyna:

- Keýwany, iki bulgur bilen iýer-içer ýaly zat getir! – diýipdir.

Entegem öýlenýän bar-ow

Bir gezek gyş güni Türkmenistanyň halk ýazyjylary Kerim Gurbannepesow bilen Ýylgaý Durdyýew köçe bilen ýöräp barýan eken. Deňlerinden gelinaljy maşynlar kerwen gurap geçýär.

Ýylgaý “Beý, gyş güni-de öýlenýän bar-ow” diýjek bolýar. Ýöne oňa derek “Beý, entegem öýlenýän bar-ow” diýen sözi dile getirýär. Kerim oňa:

- Sen öýleneňden soňra-da öýlenmäge gadaganlyk girizlenok – diýipdir.

Pomma okasyn

XX asyryň 50-nji ýyllarynyň başynda her hepdäniň ahyrynda şahyrlar Ýazyjylar birleşigine ýygnanyp, tamamlanýan hepdede ýazan goşgularyny okapdyr. Maksat hepdäniň çeperçilik
jähtden kämil goşgyny saýlap-seçip almak eken.

Oňat görlen goşgy täze hepdäniň başynda “Geçen hepdäniň iň oňat goşgusy” diýen rubrikada merkezi metbugatda çap edilipdir. Bu bäsleşikde köplenç Nurberdi Pomma ýeňiji bolupdyr. Şol
döwürde döredijilik babatda ussatlyk derejesine ýeten Rähmet Seýit bir gezek:

- Oňatlygyna meniň goşgym oňat, ýöne ony Pomma ýaly labyzly okap bilemok. Goý, meniň goşgymy-da Pomma okasyn! – diýipdir.

Pomma şahyr dostunyň raýyny ýykmandyr. Şondan soňra köplenç Rähmet Seýidiň goşgusy ýeňiji bolupdyr. Ýöne her gezek onuň goşgusyny Pomma Nurberdi okapdyr.

Toplan, taraşlan Amanmyrat BUGAÝEW
XS
SM
MD
LG