Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Klara: "Ahalteke atlary üýtgeşik bolýar"


Ahalteke aty. Türkmenistan

Ahalteke aty. Türkmenistan

Golaýda Türkmenistanyň prezidentiniň inisatiwasy bilen, ahalteke atlary barada ýörite internet sahypasy açyldy. Bu saýt döredilende "Türkmen atlary" döwlet birleşigi bilen türkmen DIM-niň geňeş-goldawynyň hem alnandygy habar berilýär.

Şu günler Ýewropa ýurtlarynda-da ahalteke atlaryny ösdürip-ýetişdirmek, onuň gözelligini propagandirlemek bilen meşgullanýan guramalardyr adamlar hem az däl.

Bu ugurda iş alyp barýan guramalaryň biri hem düýbi Lýuksemburgda ýerleşýän “Ahalteke atlary assosiasiýasydyr”. Azatlyk Radiosyndan Merdan Saryýew bu guramanyň prezidenti, şu aýyň aýagynda Aşgabatda geçirilýän ahalteke bedewlerine bagyşlanan halkara konferensiýa hem gatnaşjak Klara de Wos wan Steenwijk bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Ilki bilen siz öz guramaňyz barada maglumat beräýseňiz?

Klara: Biz guramany 2002-nji ýylda esaslandyrdyk. Biz ilki ol diňe ýerli gurama derejesinde galar öýdüpdik, emma agzalaryň sanynyň artmagy bilen, biz ony halkara derejä çykardyk.

Biziň esasy maksadymyz Ahalteke bedewlerini sport atlary hökmünde Ýewropa, umuman, Günbatara tanatmakdan ybarat.

Azatlyk Radiosy: Türkmenlerde aglaba ýagdaýlarda bedewe maşgalanyň bir agzasy hökmünde garalýar. Ahalteke aty daşary ýurtlular üçin nämäni aňladýar?

Klara: Ahal-teke bedewi köp halatlarda “Arzuw aty” diýlip häsiýetlendirilýär. Haçan-da adamlar ahalteke bedewleriniň suratlaryny görenlerinde, olaryň “in-e, bu meniň arzuwym!” diýen sözlerini eşitmek bolýar.

Eger-de biziň eramyzdan öňki Hytaýyň [taryhyna] nazar aýlasaňyz, ol ýerde “behişdi bedewler” diýlip atlandyrylan atlaryň agzalýandygyna duş gelersiňiz. Şol atlar hytaýlylaryň gözi öwrenişen mongol ponilaryndan, ýagny girdenek atlaryndan juda we juda tapawutly bolupdyr.

Ahalteke bedewleriniň özleri ýakynlaşjak bolup jan edýärler
“Behişdi bedewleri” seýislemek üçin diňe ýokary derejeli adamlar alnyp, şol atlary jemgyýetiň ýokary gatlagyndan bolan adamlara saklamaga rugsat berlipdir. Bu hem olara näderejede sarpa goýlandygyndan bir nyşan.

Haçan-da adamlar ahalteke atlary bilen tanşanlarynda, olar bedewleriň näderejede inçe duýgularynyň bardygyny, olaryň ömürlik bir ýoldaş boljakdygyny aňýarlar. Elmydama diýen ýaly ahalteke bedewi bilen onuň eýesi wepaly dost bolýar. Bu hem şol atlaryň inçeden-inçe duýgurlygy bilen bagly bir zat. Sebäbi ahalteke bedewleriniň özleri [adama] ýakynlaşjak bolup jan edýärler.

Üstesine-de, ahalteke bedewleri arap atlaryna görä has ykjam, ýagny olar has uzyn we inçe bedenli bolýarlar. Garaz, sport atlary barada gürrüň edilende atlaryň dürli görnüşleri, dürli çäreler, ýagny beýikligine bökmek, çapmak ýaly zatlar üçin taýýarlanýar. Emma ahalteke atlary bularyň ählisini ýokary derejede gowy başarýar.

Azatlyk Radiosy: Siz ýaňy ahalteke bedewi bilen onuň eýesiniň arasynda dostlugyň emele gelýändigini aýtdyňyz? Muny has içgin düşündirip bilersiňizmi?

Klara: Muny söz bilen beýan etmek kyn bolaýmasa. Bedewiň näderejede duýgurlygyny bilmek, oňa düşünmek üçin adamyň özi atlardan habarly bolmaly. Eger-de şeýle adam ahalteke bedewini ýakyndan synlasa, onda onuň beýleki atlardan näderejede tapawutlanýandygyny dessine aňar.

Ýaňy hem nygtaýşym ýaly, ahalteke bedewleriniň özleri [adamlar bilen] aragatnaşyk gurmaga synanyşýarlar. Olar eýesiniň ynamyny ödemek üçin özüni gaýgyrman, jan edýärler.

Azatlyk Radiosy: Siziň ahalteke atlary bilen tanyşlygyňyz nädip başlady?

Klara: Meniň adamym 1993-1999-njy ýyllar aralygynda Gollandiýanyň Orsýetdäki ilçisi bolupdy. Şol bir wagtyň özünde onuň Türkmenistanda hem akkreditasiýasy bardy. Onsoň ol her ýyl Aşgabada barmaly bolýardy. Men hem onuň ýany bilen giderdim.

Men boş wagt tapsam, ahalteke bedewlerini synlamak üçin “Komsomol” stadionyna we aýlawa giderdim. Bilýäňizmi, [bu] bedewler meni haýrana galdyrdy, olar şeýle bir owadandy.

Onsoň, haçan-da biz yzymyza – Gollandiýa dolanmaly bolanymyzda, biz ýanymyz bilen alty bedewi alyp gaýtdyk. Şeýdibem, biz seýisçilik bilen meşgullanyp başladyk.
XS
SM
MD
LG