Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kerri Günorta Koreýa sapara bardy


Koreýa ýarym adasyndaky dartgynly ýagdaýlaryň fonunda anna güni ABŞ-nyň Döwlet sekretary Jon Kerri Günorta Koreýa sapara bardy.

Onuň bu sapary Demirgazyk Koreýanyň Birleşen Ştatlara, Ýaponiýa we Günorta Koreýa raketa hüjümlerini amala aşyrmagynyň mümkindigi barada duýduryş berýän döwrüne gabat geldi.

Penşenbe güni Birleşen Ştatlaryň aňtaw gullugy Demirgazyk Koreýanyň öz ýadro tehnologiýasynda has öňe hereket edendigini we onuň öz raketalaryna ýadro başlaryny berkitmäge-de mümkinçiliginiň bar bolmagynyň mümkindigi barada raport ýaýratdy.

Emma Günorta Koreýanyň Goranmak ministrliginiň metbugat sekretary Kim Min-seok Phenýanyň bu baradaky mümkinçiliklerine güman bildirýändigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG