Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow ukrain resmisini kabul etdi


Penşenbe güni prezident G.Berdimuhamedow Aşgabada sapara baran Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wiktor Maýko bilen gepleşik geçirdi.

Bu gepleşikde taraplar Türkmenistan bilen Ukrainanyň hyzmatdaşlyklaryny ösdürmekligiň perspektiwalary barada pikir alyşdylar.

Onda, aýratynam, ylym, medeniýet we magaryf pudaklaryndaky hyzmatdaşlyklara degişli meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylandygy habar berilýär.

Bu gepleşikleriň soňunda Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wiktor Maýko türkmen prezidentiniň ýakynda ukrain dilinde çapdan çykan “Türkmenistanyň derman otlary” atly kitabynyň ikinji tomuny Berdimuhamedowa sowgat gowşurypdyr.
XS
SM
MD
LG