Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýewropa geňeşi ors HAG-larynyň barlanmagyny tankytlaýar


Aktiwistler saýlawlara gözegçilik edýän "Golos" toparynyň ofisiniň daşynda bu guramangyň daşary ýurtlar bilen gatnaşyklaryna protest bildirýärler. Moskwa, 5-nji aprel, 2013 ý.
Aktiwistler saýlawlara gözegçilik edýän "Golos" toparynyň ofisiniň daşynda bu guramangyň daşary ýurtlar bilen gatnaşyklaryna protest bildirýärler. Moskwa, 5-nji aprel, 2013 ý.
Orsýet hökümetden aýry guramalaryň (HAG) işine täze çäklendiriji kanunlar we olaryň edara-kärhanalarynda geçirilýän tapgyrlaýyn barlaglar bilen bökdençlik döredýär.

Ýewropa geňeşiniň adam hukuklary boýunça wekili Nils Muýznieks penşenbe güni Moskwada çykyp gürläp, hökümetden aýry guramalaryň käbiriniň sowet döwründe içalyçylyk etmegiň sinonoimi bolan söz bilen atlandyrylyp, “daşary ýurt agentleri” hökmünde hasaba alynmagyny talap edýän täze kanun “üýşendiriji täsir” döretdi diýdi.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin bu hili balaglaryň ýazgarylmagyny, şol sanda Birleşen Ştatlar we Ýewropa tarapyndan tankytlanmagyny ret etdi.

Ol şu hepdäniň başynda german telewideniýesinde orsýetliler hökümetden aýry guramalaryň maliýeleşdirilişini we olara şol serişdäniň näme üçin berilýändigini bilmäge hakly diýdi.

Tanymal hukuk toparlary daşary ýurt agentleri hökmünde hasaba durmakdan boýun gaçyrdylar, olar munuň özleriniň at-abraýyna we goldawyna zeper ýetirjegini aýtdylar.

Kanunçylyk-hukuk goragy bilen meşgullanýan “Agora” topary 225 sany hökümetden aýry guramanyň ofisiniň barlanandygyny bilýändigini, ýöne munuň barlanan ofisleriň diňe bir bölegidigini aýtdy.

Aýyplamalar we jerimeler

Adalat ministrligi şu hepdäniň başynda “Golos” toparynyň garşysyna, hamala daşary ýurt agenti hökmünde hasaba durmandygy üçin, aýyplama taýýarlaýandygyny aýtdy.

Ýurtda saýlawlaryň geçirilişine gözegçilik edýän ýeke-täk garaşsyz topar bolan “Golos” bu aýyplamany ret etdi we özüniň täze kanun güýje gireli bäri hiç bir daşary ýurt serişdesini almandygyny aýtdy.

Bu kanun esasynda, hasaba durulmandygy üçin, guramanyň direktoryna 300 müň rubla ($9,500 çemesi) çenli, guramanyň özüne bolsa, 500 müň rubla ($16,000) çenli jerime salmak mümkinçiligi bar.

Daşardan alynýan pullaryň möçberi

Putin german telewideniýesine beren gürrüňinde Orsýetdäki hökümetden aýry guramalaryň daşary ýurtly howandarlaryndan 1 milliard dollara çenli serişde alandygyny aýtdy.

Ýurduň tanymal jemygetçilik guramalarynyň, şol sanda “Golos” toparynyň, adam hukuklaryny goraýan “Memorial” jemgyýetiniň baştutanlary penşenbe güni bu getirilýän sany ret etdiler we Putiniň öz aýdýan zadyny dokumentler esasynda subut etmegine çagyrdylar.

“Siziň aýdýan sanlaryňyz biziň Orsýetdäki jemgyýetçilik guramalaryna edilýän kömegiň mukdary barada bilýänimizden azyndan onlarça esse kän, biz şeýle kän puly haýsy guramalaryň alýandygyny bilmek isleýäris” diýip, olar Putine ýazan açyk hatlarynda aýdýarlar.

Putin daşary ýurtlardan alynýan kömek pullarynyň möçberi barada getiren sanlarynyň nireden alnandygyny jikme-jik aýtmady, emma beýleki resmiler bu sanlaryň kanun goraýjy gulluklardan alnandygyny aýdýarlar.

Merkeliň Putine beren maslahaty

German kansleri Angela Merkel şu hepde Germaniýa sapar eden Putini jemgyýetçilik guramalaryna “gowy mümkinçilik” bermäge çagyrdy.

Merkel Orsýetiň işjeň bir raýat jemgyýetiň gülläp ösmegine mätäçdigini aýtdy. Ol Orsýet häzir özüniň çig mal baýlyklaryna garaşly we infrastrukturanyň gowulandyrylmagy ykdysadyýetiň ösmegini güýçlendirer diýdi.

Merkel Orsýete täzelenmek we dürlüleşmek gerek, bu işde jemgyýetçilik guramalary kömek edip biler diýdi.
XS
SM
MD
LG