Sepleriň elýeterliligi

Lawrow Orsýetiň adyna edilýän tankytlar barada


Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow, London, 11-nji aprel, 2013.

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow, London, 11-nji aprel, 2013.

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Orsýetiň Gürjüstan bilen gatnaşyklary barada giňişleýin interwýu berdi. Ol bu intewýusynda Günbatarda Moskwanyň daşary we içerki syýasaty babatynda edilýän tankytlara hem üns berdi.

Hepdäniň penşenbe güni Orsýetiň RTW telekanalynda görkezilen interwýusynda Lawrow Gürjüstanyň premýer-ministri Bidzina Iwanişwiliniň hökümetiniň öňdengörüjilikli syýasatyny makullady we Moskwanyň Tbilisi bilen öz gatnaşyklaryny giňeltmäge taýýardygyny mälim etdi.

Emma Lawrow 2008-nji ýylda bolan gysga wagtlyk uruş netijesinde özbaşdaklyk alyp, Gürjüstandan aýrylan Abhaziýanyň we Günorta Osetiýanyň garaşsyzlygyny ykrar etmekden Orsýetiň ýüz öwürmejegini nygtady.

Orsýet-ABŞ gatnaşyklary

Sergeý Lawrow Orsýetiň ABŞ bilen gatnaşyklary barada aýdanda, Waşingtonyň Orsýetiň käbir resmileri babatynda ýakynda kabul eden kanunyny tankytlady. Bu kanunda 2009-njy ýylda Orsýetde tussaglykda aradan çykan ýurist Sergeý Magnitskiniň ölümine gatnaşygy bolan orsýet resmilerine garşy sanksiýalar göz öňünde tutulýar.

Moskwa ABŞ-nyň Magnitskiniň işine degişli kanunyny ret edipdi we munuň kabul edilmegini Orsýetiň içerki işlerine goşulyşmak diýip atlandyrypdy. Üstesine, muňa jogap hökmünde amerikan raýatlaryna orsýetli çagalaryň ogullyk berilmegini gadagan edýän kanuny kabul edipdi.

Sergeý Lawrow ABŞ-nyň Ýewropada raketadan goranyş sistemasyny ýaýbaňlandyrmak planlary barada hem pikirini aýtdy. Lawrow Moskwanyň ABŞ-nyň bu plany barada has köp aýdyňlygyň bolmagyny talap edýändigini belledi.

Waşington bu sistemanyň NATO guramasyna agza döwletleri “aýylganç režimlerden” goramak üçin niýetlenýändigini aýdýar. Emma Moskwa bu sistemanyň Orsýete garşy gönükdirilmeýändiginiň we ýurduň howpsuzlygyna gorky salmajagynyň tassyklanmagyny talap edip gelýär.

Syýasy aktiwistler

Şeýle-de, Lawrow orsýetli oppozision lider we korrupsiýa garşy göreşýän aktiwist Alekseý Nawalnynyň Orsýetde suda çekilmegi bilen baglylykda Günbatar tarapyndan edilýän tankytlara hem üns berdi.

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow hemmäniň kanunyň öňünde deň derejede jogap bermelidigini belläp, ykdysady bidüzgünçilikler bilen bagly aýyplamalaryň derňelmelidigini nygtady.

2011-nji ýylda Wladimir Putine garşy köçe protestlerine ýolbaşçylyk eden Alekseý Nawalna garşy pul ogurlygy we hilegärlik bilen bagly aýyplamalar bildirilýär. Eger sud günäli diýip karar çykarsa, Nawalnyý türme tussaglygyna höküm edilip bilner. Syýasy aktiwistiň tarapdarlary Nawalna garşy gozgalan sud işini syýasy sebäpler bilen baglanyşdyrýarlar we häkimiýetleriň, şeýdip, hökümetiň adyna edilýän tankytlary basyp ýatyrmak isleýändigini aýdýarlar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG