Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanda ahalteke atlarynyň kultunyň gitdigiçe ýokary galdyrylýandygy aýdylýar.

Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeş bolan adamlaryň käbiri muny türkmenleriň öz atlaryna bolan aýratyn söýgüsi bilen düşündirýär. Geçmişde, dünýäniň aglaba ýerinde bolşy ýaly, at türkmenleriň hem esasy ulagy bolupdyr.

Mundan başga, at söweşde, watan, ýurt goragynda hem uly rol oýnapdyr. Megerem şundan, “Ertir tur-da, atyňy gör, atyňdan soň ataňy” diýen ýaly atalar sözleri, nakyllar döräpdir.

Atlar, atşynaslyk, atlary seýislemek, umuman atlar bilen bagly filosofiýa türkmen halk döredijiliginde, şahyrlaryň goşgularynda hem uly orun tutýar.

Ýöne türkmen atçylygy sowet ýyllarynda, hususan-da “basmaçylyk” diýlip at berlen halk hereketleri basylyp ýatyrylandan soň, uly basyş astynda galdy we hususy hojalyklarda at saklamak medeniýeti tasdan ýoga çykaryldy.

Türkmenistanyň garaşsyz ýurt bolmagy türkmen atlaryna ikinji ömri beren ýaly boldy. Şonuň bilen bir wagtda, bu döwürde ahalteke atlarynyň türkmen diplomatiýasynyň bir bölegine öwrülip, daşary ýurt liderlerine sowgat berlip başlanandygyny hem ýatdan çykarmak bolmaz.

Atçylygyň täze bir derejä göterilmegi adamlary buýsandyran bolsa, saýlama atlaryň syýasatda ulanylyp başlanmagy we ýat illere berlip goýberilmegi türkmen halkynyň arasynda biraz ynjalyksyzlyk döretdi.

Türkmenistanda häkimiýet çalşyp, G.Berdimuhamedow prezident bolandan soň atçylyga has kän üns berlip başlanandygy aýdylýar. Şonuň bilen bir wagtda, ahalteke atlarynyň prezidentiň şahsyýet kultuny güýçlendirmegiň bir guralyna aýlanandygyny öňe sürýänler hem bar.

Türkmenistanda, dünýäniň aglaba ýurtlarynda bolşy ýaly, atlar ulag, transport ähmiýetini ýitirdi. Ýöne olar aýlawlaryň, toý-dabarlaryň, türkmen topragynyň bezegi hasaplanylýar. Türkmenistanda at muşdaklary hem az däl we at münmek, at çapmak medeniýetiniň ýaşlaryň arasynda täzeden, has giň wagyz edilmegi bu sungatyň täze nesil professionallaryny döreder diýen umyt hem bar.

Emma muňa garamazdan, türkmen atlary halkara at ýaryşlaryna gatnaşmakda heniz garaşylýan derejä göterilip bilenok. Olary hususy hojalyklarda saklamak, köpeltmek meselesi hem o diýen ilerläp gidibermeýär diýip, hususy at eýeleriniň kynçylyklaryndan habarly adamlar aýdýarlar.

Bu ugurdaky asgynlygy döwlet çäklendirmeleri, ahalteke atlaryny köpeltmek we daşarky bazarlara çykarmak mümkinçiliginiň döredilmeýändigi, atlara döwlet monopoliýasynyň doly diýen ýaly saklanyp galýandygy bilen düşündirýänler hem bar.

Eýsem türkmen atçylygynda nähili çözülmeli meseleler bar? Asyrlardan gelýän türkmen atşynaslyk sungatynyň häzirki zamanda has ösdürilmegi üçin näme edilmeli?

At kultunyň döwlet baştutanynyň şahsyýet kultuny ýokary götermekde ulanylýandygy baradaky pikir näderejede hakykata laýyk gelýär? Bu ýagdaý türkmen atçylyk sungatynyň gelejegine nähili täsir ýetirer?

Azatlyk Radiosy nobatadky tegelek stol söhbetdeşligini şu meselä bagyşlaýar. Pikirleriňize, bellikleriňize garaşýarys.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG