Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ozalky nemes prezidentine sud ediler


Anna güni Germaniýanyň Hannuwer şäheriniň prokuraturasy ýurduň ozalky prezidenti Kristian Wulfa garşy korrupsiýa bilen baglanyşykly sud-derňew işiniň ýola goýlandygyny mälim etdi.

Bu sud-derňew işi Germaniýanyň ozalky prezidentiniň we onuň maşgala agzalarynyň 2008-nji ýyldaky myhmanhana we dynç alyş tölegleriniň bir film prodýuseri tarapyndan tolenendigi bilen baglanyşykly bildirilýän aýyplamalar boýunça gozgalypdyr.

Prokuraturanyň resmileri Kristian Wulfa bu iş boýunça jerime tölemek arkaly meseläni çözmekligiň-de teklip edilendigini, emma Kristian Wulfyň özüniň sud diňlenişiginiň bolmagyna aýak dirändigi sebäpli, bu işiň suda geçirilendigini mälim etdiler.

Kristian Wulf 2012-nji ýylda korrupsiýa bilen bagly bildirilen käbir beýleki aýyplamalaryň netijesinde prezidentlik wezipesinden çekilipdi.
XS
SM
MD
LG