Sepleriň elýeterliligi

Kazanda baş örtgi meselesine garaldy


Penşenbe güni Kazanda Tatarystanyň Jemgyýetçilik palatasy bu respublikanyň orta mekdeplerindäki gyz okuwçylaryň we aýal mugallymlaryň baş ortgi ýa-da hijab ulanmaklaryny oňlap, karar kabul etdi.

Tatarystanyň maslahat berijilik statusly bu jemgyýetçilik organyna hökümete degişli bolmadyk guramalaryň, jemgyýetçilik birleşmeleriniň we kommersiýa maksatlaryna eýermeýän guramalaryň ýolbaşçylarydyr aktiwistleri girýär.

Penşenbe günki maslahatda Jemgyýetçilik palatasy mekdeplerde hijaba ýol bermek bilen bir wagtda, mekdeplerdäki doga okaýyşlyk otaglaryny welin ýapmaklygy karar etdi.

Tatarystanyň parlament deputatlary we hökümet resmileri Jemgyýetçilik palatasynyň bu meseleler boýunça kabul eden kararlarynyň hökümet derejesinde göz öňünde tutuljakdygyny mälim etdiler.
XS
SM
MD
LG