Sepleriň elýeterliligi

Ýanukowiç Timoşenko barada çykyş etdi


Ukrainanyň prezidenti Wiktor Ýanukowiç tussaglykdaky Ýuliýa Timoşenko garşy täze jenaýat-derňew işleriniň dowam edýän bir wagtynda oňa günä geçişlik yglan edilip bilinmejekdigini aýtdy. Bu barada prezident Ýanukowiç penşenbe güni žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda belledi.

Bu duşuşykda žurnalistlerden biri ýakynda Ukrainanyň ozalky içeri işler ministri Ýuriý Lusenko günä geçişlik yglan edilip, onuň syýasy egindeşi hasaplanylýan Ýuliýa Timoşenkonyň bolsa günäsiniň geçilmändigi bilen baglanyşykly sorag berdi.

Ukrainanyň ozalky premýer-ministri Ýuliýa Timoşenko wezipesinden hyýanatçylykly peýdalananlykda aýyplanyp, 2011-nji ýylyň oktýabrynda 7 ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi.

Häzirki wagt oňa maliýe galplyklarynda hem-de 1996-njy ýylda parlament deputatlaryndan biriniň öldürilmegine görkezme berenlikde bildirilýän aýyplamalar boýunça-da aýry-aýry jenaýat-derňew işleri alnyp barylýar.
XS
SM
MD
LG