Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kerri Hytaýyň resmileri bilen duşuşýar


Şenbe güni ABŞ-nyň Döwlet sekretary Jon Kerri Demirgazyk Koreýa bilen bagly meseleri maslahatlaşmak üçin Hytaýyň ýokary derejeli resmileri bilen gepleşik geçirýär.

Hytaýyň prezidenti Si Szinpin bilen duşuşygynda şenbe güni Jon Kerri Demirgazyk Koreýanyň raketa hüjümlerini amala aşyrmak howpy bilen bagly dörän ýagdaýlar barada durup geçip, “Bu örän uly synaglary öňde goýan örän aýgytly bir pursat” diýip belledi.

Özüniň Hytaýa saparynyň öňýany Jon Kerri Demirgazyk Koreýanyň ýakyn ýarany hasaplanylýan Hytaýy Phenýana özüniň ýadro planlaryndan el çekdirtmek ugrunda basyş görkezmeklige çagyrdy.

Soňky günler Demirgazyk Koreýa Birleşen Ştatlara, Ýaponiýa we Günorta Koreýa raketa hüjümlerini amala aşyrmagynyň mümkindigi barada duýduryş berip gelýär.
XS
SM
MD
LG