Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet: Resmileriň girdejesi çap edildi


Anna güni Orsýetiň prezident administrasiýasynyň web saýtynda ýurduň ýokary derejeli resmileriniň ýyllyk girdejilerini görkezýän maglumatlar ýerleşdirildi.

Bu maglumata görä, prezident Wladimir Putiniň metbugat sekretary Dmitriý Peskow geçen 2012-nji ýylda prezidentiň özünden hem köp girdeji gazanypdyr.

Hususan-da, maglumatda Putiniň geçen ýylky girdejisi 5 million 790 müň rubl, ýagny 187 müň dollar diýlip görkezilen bolsa, Peskowyň girdejisi 6 million 366 müň rubl, ýagny 205 müň dollar diýlip görkezilipdir.

ITAR-TASS habar agentligi prezident Putiniň geçen ýylky girdejisiniň 2011-njy ýyldaky girdejisinden 2 million rubl töweregi artandygyny belleýär. Emma resmileriň bu girdejisiniň anyk çeşmeleri barada welin maglumat berilmeýär.
XS
SM
MD
LG