Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sudýa Mübäregiň işinden ýüz öwürdi


Şenbe güni Müsüriň ozalky prezidenti Hosni Mübäregiň işine täzeden garamaly sudýa Mustafa Hassan Abdullah bu işe garamakdan ýüz öwürdi. Müsüriň polisiýa akademiýasynda bu sud işiniň gaýtadan açylyşynda ol bu prosessi başga bir suduň garamagyna tabşyrdy.

Mustafa Hassan Abdullah munuň sebäbini bu işe täzeden garamaklygyň özünde “alada döredýändigi” bilen düşündirdi we muny anyklaşdyrmady.

Geçen ýyl 84 ýaşly Hosni Mübärek 2011-nji ýyldaky protestlerde ýüzlerçe adamyň öldürilmegine dahyllylykda aýyplanyp, ömürlik türme tussaglygyna höküm edilipdi.

Emma şu ýylyň ýanwarynda Müsüriň şikaýat sudy ozalky sud prosesinde käbir prosessual nätakyklyklara ýol berlendigine salgylanmak bilen, bu işe gaýtadan garalmalydygy barada karar çykardy.
XS
SM
MD
LG