Sepleriň elýeterliligi

HGHK özbek türmelerine saparyny togtatdy


Anna güni Halkara Gyzyl Haç Komiteti Özbegistanyň tussaghanalaryna edýän saparyny togtadandygyny mälim etdi.

Bu Komitetiň baş direktory Ywes Dakkord özüniň “Twitter” sahypasynda bu barada ýazan beýanatynda munuň sebäbini özbek türmelerine edilýän saparlaryň “gumanitar netijeleri bermeýändigi hem-de ýurduň häkimiýetleriniň konstruktiw dialoglara girmeýändikleri” bilen düşündiripdir.

Ywes Dakkord Özbegistanyň türmelerine edilýän bu saparlary togtamak barada gelnen kararyň özleri üçin ýeňil karar bolmandygyny-da belläpdir.

Halkara Gyzyl Haç Komiteti 2001-nji ýylda özbek häkimiýetleri bilen gelnen özara ylalaşyklaryň netijesinde bu ýurduň türmelerine sapar edip başlapdy.
XS
SM
MD
LG