Sepleriň elýeterliligi

Aşgabat: Ýylyň çärýegi jemlendi


Anna güni Aşgabatda geçirilen giňeldilen hökümet maslahatynda ýylyň birinji çärýeginiň jemleri jemlendi.

Maslahatda wise-premýerler, käbir pudak ýolbaşçylary we welaýat häkimleri öz dolandyrýan pudaklarynda ýylyň birinji çärýeginde edilen işleriň jemleri barada hasabat bilen çykyş etdiler.

Bu maslahatda prezident G.Berdimuhamedow türkmen-orsýet goşa raýatlygy bilen bagly meseleler barada ýörite beýanat bilen hem çykyş etdi.

Hususan-da, ol soňky wagtlar käbir daşary ýurt habar serişdelerinde türkmen-orsýet goşa raýatlygyny ýatyrmak ugrunda görülýän çäreleri “birtaraplaýyn beýan edýän” maglumatlaryň peýda bolandygyny belläp, muny tankyt etdi.

Anna günki hökümet maslahatynda Türkmenistanyň prezidenti ençeme kadrlar çalşyrylyşygyny-da amala aşyrdy. Hususan-da, “başga işe geçýändigi üçin” diýen esasda Mary welaýatynyň häkimi K.Gurbanow wezipesinden boşadyldy.

Mundan daşary, işinde goýberen kemçilikleri üçin Lebap welaýatynyň häkimi Ý.Ýaýylow, Serhetabat etrabynyň häkimi B.Kulow, Murgap etrabynyň häkimi A.Çaryýew, Baýramaly şäheriniň häkimi B.Ataýew we Türkmen Döwlet neşirýat gullugynyň başlygy G.Nurgeldiýewa hem wezipelerinden boşadyldy.
XS
SM
MD
LG