Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwa amerikan resmilerini “gara sanawa” saldy


Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow (çepde) ABŞ-nyň Döwlet sekretary Jon Kerri bilen Londonda özara hyzmatdaşlyklary maslahat edýär. London, 11-nji aprel, 2013.
Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow (çepde) ABŞ-nyň Döwlet sekretary Jon Kerri bilen Londonda özara hyzmatdaşlyklary maslahat edýär. London, 11-nji aprel, 2013.
Şenbe güni Orsýetiň häkimiýetleri ABŞ-nyň “Magnitskiý sanawy” diýlip atlandyrylýan sanksiýa dokumentine jogap edip, 18 sany amerikan resmisine garşy sanksiýa girizdi.

Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň çap eden bu sanawyndaky amerikan resmilerini Orsýet “ynsan hukuklaryny bozmakda aýyplanýanlar” diýip atlandyrýar.

Bu baradaky beýanatda bu sanawyň esasan “adam gynamalaryny kanunlaşdyrmaga dahylly, şeýle hem Guantanamo türmesindäki uzak möhletleýin tussaglyklara dahyllylary we Orsýetiň raýatlarynyň tussag edilmelerine we alnyp gaçylmalaryna dahyllylary ” öz içine alýandygy aýdylýar.

Ors resmileriniň garaýşy

Orsýetiň Daşary işler ministrligi şondan bir gün öň Orsýetiň käbir raýatlaryna garşy ABŞ-nyň çap eden “Magnitskiý sanawyny” Orsýete garşy “nämährem ädim” diýip atlandyrdy we “ikitaraplaýyn gatnaşyklara hem-de özara ynama urlan uly zarba” diýip häsiýetlendirdi.

Sanawlary girizmek urşy biziň saýlap alan zadymyz däl
Aleksandr Lukaşewiç
Ministrligiň metbugat sekretary Aleksandr Lukaşewiç döwlet telewideniýesinde eden çykyşynda: “Sanawlary girizmek urşy biziň saýlap alan zadymyz däl. Ýöne biz bular ýaly açyk şantaža hem jogap bermän durup bilmeris. Indi Waşingtona Orsýet ýaly ýurt bilen akyl öwretmeklik we görkezme berijilik ruhunda hyzmatdaşlyk gurmaklykda perspektiwanyň ýoklugyna düşünere wagt boldy” diýip nygtady.

Döwlet Dumasynyň Daşary gatnaşyklar Komitetiniň başlygy Alekseý Puşkow Orsýetiň bu “jogap hereketini” ýerlikli hereket diýip atlandyrdy. “Interfaks” habar agentligine beren interwýusynda ol: “Biziň muny syýasy urşa öwresimiz gelenok, emma biz simmetrik görnüşde hereket etmekçi” diýip belledi.

Sanawda kimler bar?

Orsýetiň kabul eden bu sanksiýa sanawyna Guantanamo türmesindäki tussaglaryň hukuklaryny bozmaklyga dahylly hasaplanylýan amerikan resmilerinden dördüsiniň ady girizilipdir.

Ol resmiler, hususan-da, ABŞ-nyň ozalky wise-prezidenti Dik Çeýniniň ofisinde iş dolandyryjy bolup işlän Dewid Addington, tussaglaryň gynalmagyny delillendirip kanuny memolary ýazan Adalat ministrliginiň ozalky resmisi Jon Ýu, şeýle hem Guantanamo tussag merkeziniň ozalky harby komandirleri otstawkadaky general-maýor Jeffri Miller bilen admiral Jeffri Harbeson.

Orsýetiň “gara sanawyna” atlary salnan beýleki 14 adam bolsa Orsýetiň daşary ýurtlardaky raýatlarynyň hukuklaryny bozmaklyga dahylly diýlip hasaplanýan amerikan resmileri. Olaryň arasynda ýarag söwdasynda aýyplanyp tussag edilen Orsýetiň raýaty Wiktor Butyň tussag edilmegine we sud edilmegine dahylly amerikan resmileri-de bar.

Orsýetiň daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Rýabkow “ITAR-TASS” habar agentligine beren interwýusynda “gara sanawda” Waşingtonyň öz sanawyna meňzeşlikde, has köp amerikan resmileriniň adyny öz içine alýan goşmaça sanawyň-da bardygyny, ýöne häzirlikçe onuň çap edilmän saklanýandygyny aýtdy.

Bu wakadan bir gün öň Birleşen Ştatlar aglabasy Orsýetiň raýatlaryndan ybarat ýörite sanksiýa sanawyny çap etdi. Ol sanawa girizilen 18 adamdan 16-syny Waşington orsýetli ýurist Sergeý Magnitskiniň tussag edilmegine we ölümine dahylly adamlar diýip hasaplaýar.

Magnitskiý 2009-njy ýylda Orsýetiň tussaghanasynda saglyk ýagdaýynyň ýaramazlaşmagy netijesinde aradan çykypdy.
XS
SM
MD
LG