Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Wenesuela: Prezident saýlawlary geçirilýär


Ýekşenbe güni Wenesuelada möhletinden öň prezidentlik saýlawlary geçirilýär. Bu saýlawlaryň möhletinden öň geçirilmegine ýakynda, mart aýynda ýurduň prezidenti Ugo Çaweziň rak keselinden ölmegi sebäp boldy.

Bu saýlawlarda Çaweziň oruntutary diýlip hasaplanylýan wise-prezident Nikolas Maduronyň ýeňiş gazanmagy mümkin diýlip garaşylýar.

Ýöne soňky geçirilen pikir soraýyşlyklar onuň garşydaşy Enrike Kaprilesiň hem goldawçylarynyň Nikolas Madurony goldaýjylaryň sanyna golaýlandygyny görkezýär.

Nikolas Maduro Ugo Çaweziň “21-nji asyryň sosializmi” diýip atlandyran ideýalaryny durmuşa geçirmeklige söz berýär.

Oppozisiýa lideri Enrike Kapriles bolsa azyk ýetmezçiligi, işsizlik, elektrik ýetmezçiligi we jenaýatçylygyň ösmegi ýaly problemalarda hökümeti aýyplap, bu problemalara garşy göreşmeklige söz berip, çykyş edýär. Saýlawlaryň netijesi ýakyn günlerde yglan ediler.
XS
SM
MD
LG