Sepleriň elýeterliligi

RWE “Nabukkodaky” aksiýasyny satdy


Ýekşenbe güni Awstriýanyň OMV energiýa kompaniýasy “Nabukko” gaz proýektindäki Germaniýanyň RWE kompaniýasynyň aksiýasyny satyn alandygyny mälim etdi. Ýöne OMV kompaniýasy bu söwdanyň özüne näçe çykdaja durandygyny welin mälim etmedi.

Germaniýanyň RWE kompaniýasy “Nabukko” gaz proýektine 2008-nji ýylda goşulypdy we onuň bu proýektdäki aksiýasy 16.67 prosente deňdi. Bu gaz proýekti esasan Kaspi regionynyň tebigy gazyny Merkezi Ýewropa regionyna ýetirmekligi maksat edinýär.

Ekspertler RWE kompaniýasynyň “Nabukko” proýektinden çykmagyny bu proýekte urlan ýakymsyz urgy diýip hasaplaýarlar.

Ýakynda “Nabukko” proýektiniň aksionerleri göz öňünde tutulýan truboprowodyň uzynlygyny birneme gysgaldyp, ony Türkiýäniň günbatar serhedinden Awstriýa çenli çekmekligi karar etdiler.

Şeýle hem, olar bu gaz truboprowodyndan akdyryljak ýyllyk gazyň möçberi ozalbaşky göz öňünde tutulan 30 milliard kubometr däl-de, 10 milliard bilen 23 milliard kubometriň aralygynda bolmaly diýip kesgitlediler.
XS
SM
MD
LG