Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Uly Ýarylyşdan galan “ýadygärlik”


Andromeda galaktikasynyň bize görünýän tarapynyň görnüşi.
Andromeda galaktikasynyň bize görünýän tarapynyň görnüşi.
Ýewropanyň kosmos gullugy ESA-nyň Uly Ýarylyşdan galan iň gadymy şöhle -kosmiki mikrotolkun ýerligi (cosmic microwave background) öwrenmek maksady bilen 2009-njy ýylda kosmos giňişligine ugradylan teleskopy "Plank" kosmologiýanyň standart modelini tassyklap, onuň parametrlerini berkitdi. Ýöne alymlaryň bellemegine görä, möhüm anomaliýalar-da bar. Olaryň entek standart modeliň käbir aspektlerine düşünilmändigini görkezýän bolmagy ähtimal.

“Plankyň” öz missiýasynyň ilkinji 15.5 aýlygynda eden gözegçilikleriniň esasynda relikt şöhlelenmäniň galdyran yzlaryndan düzülen asman kartasy bu baradaky ilkinji takyk hem kämil karta hasaplanýar.

"Bu biziň üçin Älemiň gözbaşyna düşünmek ýolunda edilen ägirt uly böküşdir. Bu surat Uly Ýarylyşa iň ýakyn surat. Siz 13.8 milliard ýyl yza seredýärsiňiz" diýip, ESA-nyň baş direktory Jean-Jacques Dordain 2013-nji ýylyň 21-nji martynda Parižde geçirilen metbugat ýygnagynda aýtdy.

“Plankyň” görkezýän netijeleri

“Plankyň” görkezmegine görä, Älemiň 13.82 milliard ýyl ýaşy bar. Şu wagta çenli 13.77 milliarddan ugur alnypdy.

Ikinjiden, ýyldyzlary, planetlary, şol sanda ondaky ähli jandarlar bilen birlikde biziň Ýerimizi-de emele getirýän adaty materiýa kosmosyň 4.5 prosentini däl-de, onuň 4.9 prosentini düzýär.

Ýyldyzlary we galaktikalary çaşyrman saklaýan garaňky materiýa hem pikir edilişinden köp. Älemiň 26.8 porsenti şu syrly maddadan durýar. Ozal onuň möçberi 22.7 prosent diýip çaklanýardy. Kosmosyň giňelmegini barha çaltlandyrýan garaňky energiýa bolsa az. Ol 72.8 prosent däl-de, 68.3 prosent.

Garaňky materiýa bilen garaňky energiýanyň tebigaty barada häzir bilinýän zat ýok. Olary göz ýa teleskop bilen görüp bolanok. Garaňky meteriýa öz bardygyny dartyş güýji arkaly, garaňky energiýa hem – kosmosy ähli tarapa gyradeň itip giňeltmek ýa [özüne] çekmek bilen duýdurýar.

Plankyň täze maglumatlaryna görä, Älemiň giňelme tizligi-de megaparsek boýunça (takmynan 3 ýagtylyk ýylyna deň aralyk) sekuntda 72 km diýip ozalky çaklanyşyndan aşakda. Ol sekuntda 67.15 km.

"Tutuş dünýäde astronomlar bu karta sabyrsyzlyk bilen garaşypdylar. Bu ölçegler ylmyň dürli ugurlary, şeýle hem geljekki kosmos missiýalary üçin öran ähmiýetlidir. Biz bular ýaly bir taryhy synanyşyk barada Ýewropanyň kosmos gullugy ESA bilen işdeşlik edendigimize begenýäris" diýip, Birleşen Ştatlaryň bu missiýa saldamly goşant goşan Aeronawtika we kosmiki giňişligi derňemek boýunça milli gullugy NASA-nyň Plank programmasyna gatnaşan alymy Joan Sentrella aýdýar.

Älemiň ýaşyny, düzümini we beýleki esasy häsiýetlerini suratlandyrýan bir model bar. Alymlar tarapyndan işläp düzülen bu modele kosmologiýanyň standart modeli diýilýär. Gazanylan täze maglumatlar indi alymlara bu modeli derňäp, onuň takyklyk derejesini gowulandyrmaga mümkinçilik berýär. Ýöne gözegçilik edilen aýratyn häsiýetleriň arasynda bu sada surata gabat gelmeýän üýtgeşiklikler-de bar.

Mysal üçin, kosmologiýanyň standart modelinde asman hemme ýerde deň diýen pikirden ugur alynýar. Plankyň kartasynda bolsa ýagtylyk ülňüleri asmanyň iki ýarymynda deň däl, şeýle hem onda asmanyň uzak zolagyna ýaýrap gidýän bir "sowuk tegmil" bar.

"Bir tarapdan biziň gözegçiliklerimize juda gowy laýyk gelýän bir sada modelimiz bar. Beýleki tarapdan bolsa, käbir geň häsiýetleri görýäris. Olar bizi bu ugurda ozaldan ýol alan esasy garaýyşlarymyz barada täzeden oýlanmaga mejbur edýär" diýip, ESA-nyň Plank proýektiniň alymy Ýan Tauber aýdýar. "Bu bir täze ýolagçylygyň başlangyjy. Biz Plank maglumatlary barada alyp barýan yzygiderli analizimiz bu kynçylygy aýdyňlaşdyrmaga kömek eder diýip umyt edýäris".

Kosmiki mikrotolkun ýerlik

"Plank" kosmos giňişligine çykarylaly bäri, asmany elekden geçirip, 50 ýyl mundan ozal üsti açylan kosmiki mikrotolkun ýerlik (fon) barada maglumat toplaýar. Kosmiki mikrotolkun ýerlik Älemiň döremgine getiren Uly Ýarylyşdan galan elektromagnit şöhlelenmedir.

Relikt şöhlelenme alymlary Älemiň Uly Ýarylyşdan 380.000 ýyl soňraky ýagdaýyna degişli surat bilen üpjün edýär. Ýagtylyk bu döwürden ozal hem bolupdyr. Ýöne onuň bölejikleri, ýagny fotonlar gyzgyn plazmadan çykyp, töwerege ýaýrap bilmändir.

Kosmosyň düzümi we onuň giňelmegi boýunça gazanylan takyk maglumatlar alymlary begendirýär. Ýöne garaşylmadyk zat bu täze maglumatlardan çykarylýan käbir netijeleriň standart modelde öňünden aýdylýan zatlara gabat gelmeýänligi. Käbir soraglara hem öňküsi ýaly ýene-de jogap ýok.

Mysal üçin, Uly Ýarylyş teoriýasy boýunça, milliardlarça ýyl mundan ozal häzir bilinýän Älemdäki ähli materiýa we energiýa gysylan görnüşde bir kiçijik nokatjykda jemlenip ýatypdyr. Şol nokatjygyň ýarylmagy netijesinde materiýa we energiýa bilen birlikde giňişlik hem wagt döräpdir. Ýöne ondan ozal bir Älem bolup, bu nokatjyk şol Älemden galypdyrmy, ol şol Älemiň bir bölegimi ýa-da boşlukda, hiç bir zadyň ýok ýerinde döräpdirmi (kwant fizikasynyň görkezmegine göre, bu mümkinçilik ýok däl), kosmologlaryň bu barada entek bilýän zady ýok.

Uly Ýarylyşyň üstünden takmynan 10-43 sekunt geçensoň näme zatlaryň bolup geçendigi barada hem täze maglumat ýok. Kosmologlaryň çaklamagyna görä, ondan takmynan 10-35 sekunt soň kosmos ýokary tizlik bilen giňelip ugrapdyr (inflýasiýa teoriýasy).

Älemi 380.000 ýyllap elektrik ýükli bölejiklerden durýan aşa gyzgyn "bulamak" dolduryp ýatypdyr. Ol dury bolmansoň, şol sebäpden, ýagtylygyň bölejikleri - fotonlar ýaýrap bilmändir. Giňelme netijesinde kosmos sowap, temperatura 2700 gradusa gelende, protonlar bilen elektronlar birigip, wodorod atomlary emele gelipdir. Şondan soň kosmos durlanyp, fotonlara erkin ýaýramaga ýol açylypdyr. Mikrotolkun ýerlik şol döwürden galan relikt, ýagny öte gadymy ýadygärlik. Onuň temperaturasy häzir 2.7 gradus absolýut noluň (minus 273.15 gradus) üstünde.

Bu ýylylyk şöhlesini göz bilen görüp bolanok. Ýöne ýokary tehnologiýa bilen enjamlaşdyrylan Plank satelliti ony kynçylyksyz tutup, bir gradusyň milliondan birine deň aratapawudy-da ýazga geçirip bilýär.

Jemgyýetçilige ýetirilen temperatura kartasynda standart modelde öňünden aýdylmaýan käbir fluktuasiýalar göze ilýär. Kembrij uniwersitetiniň kosmologiýa baradaky Kawli institutynyň direktory George Efstathiounyň bellemegine görä, inflýasiýa teoriýasy bu maglumatlar bilen sorag astyna düşenok. Ýöne bularyň bir "täze fizikanyň" alamatlary bolmagy mümkin. Maksat indi bu anomaliýalary öňünden aýdyp, olaryň özara baglanyşygyny görkezip biljek bir modeliň taslamasyny düzmek.

Araz Perwiş Germaniýada ýaşaýan žurnalist, syýasy ylymlaryň doktory.

ÇEŞMELER:

http://www.esa.int/Our_Activities/Space_Science/Planck/Planck_reveals_an_almost_perfect_Universe
http://www.nasa.gov/mission_pages/planck/index.html
http://www.welt.de/wissenschaft/weltraum/article114646979/Im-Universum-wimmelt-es-von-Dunkler-Materie.html
http://www.universe-cluster.de/news/newsdetails/article/38/Das-Universum-ist-aelter-als-bisher-angenommen/
XS
SM
MD
LG