Sepleriň elýeterliligi

Türkiýe: Pianinaçy “dini äsgermezlikde” aýyplandy


Türkiýede dünýä belli pianinaçy Fazil Saý “dini äsgermezlikde” aýyplanyp, on aý şertli türme tussaglygyna höküm edildi.

Duşenbe güni Stambulyň sudy Saýy “ilatyň belli bir böleginiň dini gymmatlyklaryny masgaralamakda” günäli tapdy. Ol geçen aprelde özüniň twitter hasaby arkaly “ogrular we masgarambazlar allaparazlardyr” diýip ençeme ýazgylary ýaýradypdy.

Mundan öň, 43 ýaşly Fazil Saý Türkiýäniň başyndaky Adalat we Galkynyş partiýasyny gizlin dini propogandany ýaýratmakda hem aýyplapdy.
XS
SM
MD
LG