Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan: Iň gowy etraba $1 million berler


Türkmenistanda şu ýylyň hasabynda iň öňdebaryjy diýlip ykrar edilen etraba $1 million möçberinde pul baýragy gowşurylar. Bu baradaky görkezmä ýurduň prezidenti gol goýdy.

Resmi maglumata görä, pul baýragy ýylyň dowamynda durmuş, ykdysady we medeni taýdan ähli görkezijiler boýunça iň ýokary netijeleri gazanan etrabyň häkimligine berler.

Türkmenistanyň prezidenti bäsleşigiň dowamynda, beýleki görkezijiler bilen bir hatarda, degişli etrapdaky jenaýatçylygyň we neşekeşligiň hem ýagdaýyna ünsüň berilmelidigini nygtady, diýip Turkmenistan.ru internet gazeti habar berýär.
XS
SM
MD
LG