Sepleriň elýeterliligi

Berdimuhamedow: “Her bir türkmenistanly täze pasport alar”


Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow 12-nji aprelde geçiren hökümet maslahatynda her bir türkmenistanlynyň täze nusgadaky pasporty aljagyny aýtdy.

TDH prezidentiň “soňky döwürde käbir daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ýurdumyzyň raýatlarynyň pasportlaryny çalyşmak bilen bagly alnyp barylýan işleri birtaraplaýyn beýan edýän habarlaryň peýda bolandygyny” belländigini habar berýär.

“Her bir türkmenistanly haýsy millete degişlidigine, jynsyna, gelip çykyşyna, emläk hem wezipe ýagdaýyna, diline, dine garaýşyna we syýasy ygtykadyna garamazdan, Türkmenistanyň raýatynyň täze nusgadaky pasportyny hökmany tertipde we bellenen möhletlerde alar! – diýip, prezident Berdimuhamedow mejlisiň barşynda aýdypdyr. - Sebäbi, demokratik, hukuk we dünýewi döwlet hökmünde Türkmenistanda hiç kim raýatlygyndan ýa-da raýatlygyny üýtgetmek hukugyndan mahrum edilip bilinmez! Ýurdumyzyň her bir raýatynyň bu hukugy Türkmenistanyň Konstitusiýasynda kepillendirilendir.”

Azatlyk Radiosy prezidentiň bu beýanaty, goşa raýatlykdan birini, ýagny türkmen raýatlygyny saýlap aljak adamlaryň hukuklary we umuman ýurtda adam hukuklarynyň berjaý edilmek mümkinçiligi barada aşgabatly syýasy aktiwist Nurberdi Nurmämmedow bilen söhbetdeş boldy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG