Sepleriň elýeterliligi

FBI Boston partlamalaryny derňeýär


Bostonda bolan partlamadan bir pursat.

Bostonda bolan partlamadan bir pursat.

ABŞ-da Federal Derňew býurosynyň (FBI) ýolbaşçylygyndaky derňewçiler Bostonda bolan partlamalarda alnan wideo ýazgylary seljerýärler. Marafon wagty ýüze çykan iki sany partlamada azyndan üç adam ölüp, başga-da 130-a golaýy ýaralandy.

Parltlamanyň netijesinde adamlaryň bedenlerine şikes ýetdi, şeýle-de golaýdaky binalaryň aýnalary döwüldi. Ejir çekenleriň arasynda çagalar hem bar.

Wideo: "The Boston Globe" partlamanyň bolan ýerinden ýazgyny ýerleşdirdi



Bu hüjümleriň jogapkärçiligini etnek hiç kim öz üstüne almady.

Prezident Barak Obama bu hüjümi gurnaýjylary tapyp, olary adalata çekjekdigini söz berdi. Obama partlamalary terroristiki hüjüm diýip häsiýetlendirmän, derňewiň dowam edýändigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG