Sepleriň elýeterliligi

Döwletgeldi: "Pakistanda gadymy Türkmenler bar"


Pakistanyň kartasy

Pakistanyň kartasy

Taryhyň dürli döwürlerinde dünýäniň dürli ýerine ýaýran türkmenler bar. Olaryň käbiri bilinýän bolsa, olaryň arasynda bilinmeýänler hem bar. Şu wagt Pakistanda Haripur şäheriniň arassaçylyk işlerine seredýän bir türk firmanyň kömekçi müdüri bolup işleýän, asly Owganystan türkmenlerinden bolan Nurylla Döwletgeldi Pakistana Babyrşa we Mahmut Gaznawy bilen gaty gadymy döwürlerde göçüp gelen türkmenler bilen baglanşykly Azatlyk Radiosyna şeýle gürrüňler berdi.

Azatlyk Radiosy: Nurulla Döwletgeldi siz Pakistanyň haýsy şäherinde ýaşaýarsyňyz?

Nurulla Döwletgeldi

Nurulla Döwletgeldi

Nurulla Döwletgeldi: Men Pakistanyň Haripur şäherinde ýaşaýaryn. Nahur şäheriniň arassaçylygyna seredýän bir türk firmasynda kömekçi müdür bolup işleýärin. Firmamyz şäheriň arassaçylygyna, tämizligine seredýär we şol ugurda hyzmat berýär.

Azatlyk Radiosy: Siziň şäheriňizde näçeräk Türkmen ýaşaýar?

Nurulla Döwletgeldi: Pakistanda bizden togsan müň Türkmen ýaşaýan bolsa, şondan on iki müňi biziň şäherimizde ýaşaýar.

Azatlyk Radiosy: Siziň Türkmenleriňiziň ýaşaýşy nähili? Öz Türkmenleriňiziň ýaşaýşyna nähili baha berýäň?

Nurulla Döwletgeldi: Biziň Türkmenlerimiziň ýaşaýyş ýagdaýy gynansagam dünýä standartlaryndan gaty aşakda.

Azatlyk Radiosy: Siz nirede okap, bilim aldyňyz?

Nurulla Döwletgeldi: Men Pakistan mekdeplerinde okap, bilim aldym. Soň uniwersitetde edara dolandyrylşygy bölümini okadym.

Azatlyk Radiosy: Pakistanda Türkmenleriň öz mekdepleri barmy? Türkmenlerimiziň okuw ýagdaýlary nähili?

Döwletgeldi pakistanly çagalar bilen

Döwletgeldi pakistanly çagalar bilen

Nurulla Döwletgeldi: Türkmenler öz oglan-gyzlaryna gadymy Türkmen kitaplaryny okadýarlar. Dillerini we taryhlaryny ýitirmez ýaly Magtymguly ýaly Türkmeniň ägirtleriniň kitaplaryny okadýarlar. Onuň ýany bilen täze döwrebap bilimleri hem okaýarlar.

Azatlyk Radiosy: Pakistandan daşardaky beýleki dünýä Türkmenleri bilen gatnaşyklaryňyz nähili?

Nurulla Döwletgeldi: Eyrana gidenimde Eýran Türkmenleri bilen görüşdim. Olaryň ýagdaýlary köp ýagşy ekeni. Pakistanda Babyrşa we Soltan Mahmut Gaznawy bilen gadymy Türkmenler bilen görüşýärin. Emma olar dillerini ýitiripdirler. Ýöne özleriniň Türkmendigini bilýärler. Öz ata-babalarynyň nireden gelendigini bilýärler.

Azatlyk Radiosy: Şol Babyrşa we Mahmut Gaznawy bilen gadymy döwürde Pakistana ornaşan Türkmenler, soňky wagtlarda gelen siziň ýaly Türkmenler bilen gabatlaşan mahaly nähili duýgylary başdan geçirýärler?

Döwletgeldi pakistanly harby bilen

Döwletgeldi pakistanly harby bilen

Nurulla Döwletgeldi: Öz Türkmenleri bilen gürleşenine gaty hoşal bolýarlar. Biz Türkmençe gürlän mahalymyz gulak asyp diňleýärler we Türkmençe gepleýänleri diňlemekligi gaty halaýarlar. Olar Türkmen dilinden başga hemme ýagdaýdan habardar.

Azatlyk Radiosy: Özüňiz şol gadymy Türkmenlere bririnji gezek gabat geleniňizde nähili pikirdir-duýgular döredi?

Nurulla Döwletgeldi: Olaryň bu ýere nädip gelendigi, näme iş bilen gyzyklanýandyklary derrew mende gyzyklanma döretdi.

Azatlyk Radiosy: Siziň aslyňyz Owganystana, ol ýerdenem Pakistana geçen Türkmenlerden. Şol Owganystandaky we Türkmenistandaky Türkmenler bilen gatnaşygyňyz barmy?

Nurulla Döwletgeldi: Türkmenistanda, Owganystanda we hut Pakistanyň özünde daýy-ýegenlerimiz bar. Şolar bilen gatnaşyp durus. Türkmenistandan gezmäge gidip-gelip duranlar ýegenlerimizden bar.

Azatlyk Radiosy: “Pakistan mekdeplerinde okadym, Türkmen mekdeplerinde okamadym” diýdiňiz söhbetdeşligimiziň başynda. Munuň sebäbi näme?

Nurulla Döwletgeldi (sagda)

Nurulla Döwletgeldi (sagda)

Nurulla Döwletgeldi: Türkmen mekdepleri täze tehnologiýaly bilimlerden uzak bolansoň olarda okamadym.

Azatlyk Radiosy: Özüňiz ýaly Pakistanda ýaşap ýören Türkmen ýaşlarynyň bilim derejeleri we durmuşda oýnaýan rollary barada maglumat berseňiz?

Nurulla Döwletgeldi: Pakistanda ýaşaýan Türkmen ýigitleriniň ýüzden ýetmiş-segsen bölegi okuwsyz. Diňe galan ýüzden otuz bölek okap bilýär. Galanlary güzerany, durmuşy gowy bolmany üçin mejbury ýagdaýda işleýärler. Şol sebäpdenem okuwa gidip bilmeýärler.

Azatlyk Radiosy: Pakistanda töweregiňizde ýaşaýan Türkmenler güzeranyny nähili aýlaýar, nähili işler bilen meşgullanýarlar?

Nurulla Döwletgeldi: Güzeranlaryny haly dokap, halyçylyk bilen meşgullanmaklyk bilen aýlaýarlar. Pakistan Türkmenleriniň ýüzden togsan bäş bölegi halyçylyk we haly bilen baglanşykly işlerde işleýärler, ynha şeýdip güzeran görýärler.

Azatlyk Radiosy: Dünýä Türkmenlerine aýtsam diýip ýören sözleriň barmy?

Nurulla Döwletgeldi: Hawa, bar. Dünýäniň niresinde ýaşaýan bolsalar hem öz dillerini we däplerini saklamaklaryny isleýärin.
XS
SM
MD
LG