Sepleriň elýeterliligi

Yrakda 50 adam öldürildi


Duşenbe güni Yragyň dürli ýerlerinde bolan onlarça hüjümde azyndan 50 adam ölüp, 300 çemesi adam ýaralandy.

Bu zorluk-sütemler 20-nji aprele bellenen, 2010-njy ýyldan bäri birinji gezek geçirilýän ýerli saýlawlaryň birnäçe gün öňünden amala aşyryldy. Iň ganly hüjüm Bagdatda, birnäçe ulag bombasynyň partladylan ýerinde boldy we azyndan 25 adamy öldürdi.

Başga-da birnäçe şäherde, şol sanda Fallujada, Tikiritde, Samarrada we Hillada hüjüm guraldy. Bu hüjümleriň jogapkärçiligini hiç bir topar öz üstüne almady.

Yraklylar 20-nji aprelde geçjek saýlawlarda welaýat dolandyryş geňeşlerini saýlamaly.

Häzire çenli azyndan 14 kandidat öldürildi, olaryň biri ýekşenbe güni görnetin gurnalan gabawda heläk boldy.

Häkimiýetler sünnüleriň agdyklyk edýän welaýatlarynda, howpsuzlyk aladalary zerarly, ses berişligi yza çekdiler.
XS
SM
MD
LG