Sepleriň elýeterliligi

Terror dildüwşigi üçin 20 ýyl berildi


Birleşen Ştatlaryň Nýu Jersi ştatyndan iki erkegiň hersine azyndan 20 ýyl türme tussaglygy berildi.

Olar Somalide Al-Şababa, Al-Kaýda bilen ilteşikli jeňçi topara goşulmak barada dil düwşenleri üçin jezalandyryldy.

23 ýaşly Mohamed Alessa we 27 ýaşly Karlos Almonte Birleşen Ştatlardan daşarda Al-Şababyň adyndan adam öldürmek barada dil düwşendiklerini tassyk etdiler.

Duşenbe güni Alessa 22 ýyl türme tussaglygy berildi, Almonte 20 ýyl aldy.

Olar 2010-njy ýylyň iýunynda Nýu-Ýorkda, Jon Kennedi aýeroportunda tussag edildi.
XS
SM
MD
LG