Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Günorta-gündogar Eýranda ýer titredi


Günorta-gündogar Eýranda, Pakistan bilen serhetde güýçli ýer titredi.

Birleşen Ştatlaryň Geologiýa gözegçiligi ýer sarsgynynyň güýjüni 7.8 ball diýip kesgitlese, Eýranyň Seýsmologiýa merkezi ony 7.5 ball diýip görkezdi.

ABŞ-nyň Geologiýa gözegçiligi ýer titremesiniň episentriniň Kaş şäheri bolandygyny aýdýar. Eýranyň döwlet eýeçiligindäki telewideniýesi azyndan 40 adamyň heläk bolandygyny aýtdy. Emma ol ýerde ölenleriň sanynyň has kän bolmagyndan howatyr edilýär.

Eýranyň IRNA habar gullugy häkimiýetleriň ýer yranan ýerde adatdan daşary ýagdaýy yglan edendigini habar berýär. Eýranyň Gyzylýarymaý jemgyýeti ähli aragatnaşyk liniýalarynyň kesilendigini aýtdy.

Pakistan resmileri ýurduň günorta-günbatar serhet etraplarynda azyndan 5 adamyň ölendigini aýtdylar.

Ýer titremesi Dubaýdaky, Pars aýlagynyň içindäki, Nýu-Delidäki binalary hem sarsdyryp, adamlary köçelere bosup çykmaga mejbur etdi.
XS
SM
MD
LG