Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bir gezek: Öňem dört gezek...


"Satira" karikaturasy
"Satira" karikaturasy
Döredijilik işgärleriniň durmuşy, adatça, dürli hili täsin we geň-taň wakalara baý bolýar. Käte olaryň durmuşyndaky adaty bir zat bolup görünýän wakalar wagtyň geçmegi bilen degişme-ýomaklara öwrülip gidýär.

Öňem dört gezek…

Türkmenistanyň ylymda at gazanan işgäri, SSSR Ýazyjylar birleşiginiň agzasy, meşhur alym, Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen edebiýaty kafedrasynyň professory Mäti aga Kösäýew häsiýetii babatda gadymy Gündogaryň ýaşulylaryna mahsus bolan paýhasly, ýuwaştap adamdy.

Ol studentlerden ekzamen alanda elmydam başyny aşak salyp oturardy. Hergiz adamyň ýüzüne dikanlap seretmezdi. Mäti aganyň şu häsiýetine belet bir student gyz ekzamen tabşyranda hem
özüne derek, hem-de ekzamene gowşak taýýarlanan üç kursdaşyna derek ekzamen tabşyrýar.

Ol gyz dördünji gezek ekzamene girende-de onuň beren jogabyna görä baha goýan Mäti
aga:

- Gyzym, şu köwüş öňem dört gezek auditoriýa girdi. Bäşinji gezek girmesin! – diýipdir.

Haram bolsun

SSSR döwründe-de tanyşlyk, para-berim bilen ýokary okuw jaýyna okuwa girýänler bardy. Ýöne olaryň “Ýyndamlygy samanhana çenlidi”. Semestriň ahyrynda (her ýarym ýylda)
ekzamen-zaçýot tabşyrlanda sepleri açylardy.

Haýsy ders bolsun, parhy ýok, çeken biletlerindäki soraglara jogap berip bilmän, ýuwdunyp dymardylar. Studentlerem, adatça, biri-birine raýdaş bolýar. Ýoldaşynyň halyna dözmän, oňa şprgalka (biletdäki soragyň gysgaça jogaby ownuk harp bilen ýazylan ýazgy) geçirýärdi.

Türkmen Döwlet uniwersitetiniň türkmen filologiýasy fakultetiniň 2-nji kursunda Mäti aga bizi
“Türkmen edebiýaty” dersiniň “XVIII asyr türkmen edebiýaty” bölümi boýunça okatdy.

Semestriň ahyrynda Mäti aga öz okadan dersinden ekzamen aldy. Uniwersitde mugallym bolup işleýäň daýysynyň kömek-ýardamy bilen okuwa giren kursdaşymyzyň biletdäki soraglara jogap berip bilmejekdigine beletdigimiz üçin amat peýläp, oňa şprgalka geçirdik.

Çeken biledine jogap bermek nobaty ýetende ol münbere çykdy. Ekzamen tabşyrlanda edilýän talaby berjaý edip, ilki biletdäki soragy okady.

Soňra şprgalkany hetjikläp (sakynyp, säginip) okap ugrady. Mäti aga ýüzüni aşak salyp oturşyna:
- Näme, şprgalka geçireniň poçerki (haty ýazyşy) düşnüksizmi? - diýip sorady.

Mäti aga hakykaty aňypdy. Münberde duran kursdaşymyzyň harplary, ylaýta-da elýazmadaky harplary tanaýşy ýabygorlydy.

Her hal ol sepini açmazlyga çalyşyp:

- Aý, ýok, maňa şprgalka geçirilmedi, ýöne pikirimi jemläp bilemok - diýdi.

Mäti aganyň studenti ekzamenden ýykan gezegi ýokdy.
Kursdaşymyzyň hakykaty aýtmaga gaýraty çatman, çöpe-çöre urup durşuna gahary gelip, gaşlary çytylanda bolsa, ol ganyna ornan endiginden çykmady. Zaçýot depderçesini (studentiň ekzamende alan bahasy goýulýan, zatçýot tabşyrandygy bellik edilýän kitapça) kursdaşymyza uzadyp:

- Me, zaçýotkaňy al, üçlük goýdum, ýöne haram bolsun! - diýdi.

Ilkinji poema

Türkmen Döwlet uniwersitetini tamlanymdan bir ýyl soňra (1975 ý.) “Ýaş kommunist” (häzirki “Watan”) gazetinde “Depe üstündäki depeler” atly ilkinji poemam çap edildi.

Aradan birki gün geçenden soňra tanyşlarymyň biri jaň edip, meni Mäti aganyň görmekçi bolýandygyny aýtdy. Ol günler Mäti aga “Itiň art aýagyndan suw içirdilýän” günlerdi.

Goja alymyň türkmen edebiýatynyň kerwenbaşysy Berdi Kerbabaýewiň doglan gününiň 80 ýyllygyna bagyşlap ýazan, metbugatda çap bolan “Turan aksakgaly” atly makalasyndaky Turan sözüne yrsarap, ony işden çukarypdylar, partiýa agzalykdan öçüripdiler.

Oňa haýsydyr bir işi teklibem etmändiler. Işsiz galan meşhur alymyň, hem ylymdan, hem-de adamkärçilikden ders beren mugallymymyzyň düşen gününe ýüregimiz para-para bolýardy,
ýöne elimizden gelýän zat-da ýokdy.

Jaň gelen güni Mäti aganyň öýüne bardym. Saglyk-amanlyk soraşandan soňra Mäti aga:

- Aşgabatlylar ir döwürde merhumlaryny Änewdäki gonamçylykda jaylaýan eken. Günlerde bir gün biriniň daýzasy aradan çykýar. Ol döwürde maşyn-gaýry ýok. Gölegçiler merhumyň tabydyny egninde göterip, Änewe äkidýärler. Merhumy gara ýere berenlerinden soňra ýene-de pyýadalap yzyna dolanýarlar. Türkmeniň gadymdan gelýän adatyna görä gölegçiler merhumyň öýüne golaý gelende aglap, ses edýär. Ene ornuny tutup ulaldan daýzasynyň ölümine ýürekden
gynanan ýegeni gonamçylykdan çykyp-çykmankalar ses edip, aglap ugraýar. Onuň gapdalyndan ýöräp gelýän ýeksurun (özgäniň keýpini bozmakdan lezzet alýan görip adam) “Sesiň-ä ses jan
eken, ýöne Aşgabada, daýzaň öýüne barýançak gyrylaýmasa ýagşy” diýipdir. Amanmyrat molla, poemaňy okadym. Poemaň poema jan eken, ýöne indi şu poemaňdan gowşak eser ýazsaň, bilip goý, sesiň gyryldygy bolar. Şuny aýdaýyn diýip, seni gözledim – diýdi.

Toplan, taraşlan Amanmyrat BUGAÝEW
XS
SM
MD
LG