Sepleriň elýeterliligi

Türkmen çagalar we ýaşlar edebiýatynyň görnükli weli Hajy Ysmaýylowyň doglan gününe 100 ýyl bolýar. Bu ynsan öz hyznaty bilen geçen ayryň türkmen edebiýatynda öçmejek yz galdyrdy. Ol geçen aysryň birinji ýarymynda ýaşap geçdi. Ol ýazyjy, terjimeçi, publisist hem feletonçy hökmünde edebiýat äleminde köp ugurlar boýunça uly iş bitirdi.

Türkmen sowet ensiklopediýasynyň 10-njy tomunyň 244-nji sahypasynda ýazylyşyna görä, Hajy Ysmaýylow 1913-nji ýylda Aşgabadyň etegindäki Bagyr obasynda dünýä inýär.

Ol çagalykda obaky dini mekdepde okap, sowat öwrenýär. 1926-29-njy ýyllarda Moskwanyň Magaryf institutynda okaýar. Soňra Aşgabatda okuwyny dowam etdirýär. Ol terjimeçi hökmünde işe başlap, 1936-njy ýyldan metbugata işe geçip, dürli neşirlerde işleýär. Beýik Watançylyk urşuna gatnaşýar. 1948-nji ýylyň Aşgabat ýer titremesinde aradan çykýar.

Hajy Ysmaýylowyň ilkinji eseri entek 16 ýaşyndaka, ýagny 1929-njy ýylda neşir edilipdir. Soňra köplenç edebi terjime bilen meşgullanypdyr. Ol rus edebiýatynyň kiçi göwrümli iň gowy eserlerini türkmen diline terjime edipdir.

Ol 1943-48-nji ýyllar alalygynda iň esasy eserlerini ýazypdyr. Olardan “Bäsdeşler”, “Iki atanyň bir ogly”, “Mugallymyň gyzy” hem “Öküz gödek” powestleri türkmen edebiýatynda mydamalyk orun aldy. “Gowuzlyja gyz” hekaýasy ähli okuw kitaplaryna girizildi. Onuň eserleri rus, bolgar, rumyn, wenger dillerine-de terjime edildi.

Bu uly yzyjynyň ömri we döredijiligi boýunça edebiýatçy Ata Hojagulyýew ýörite alymlyk dissertasiýasyny ýazdy.

Biziň döwrümizde ýazyjynyň hyzmaty, döredijiliginiň öwrenilişi barada gyzyklapyp, biz publisst hem ýajyzy Aşyrguly Baýry bilen gürrüňdeş bolduk.

XS
SM
MD
LG