Sepleriň elýeterliligi

Serbiýa we Kosowa gepleşiklere başlamakçy


Çarşenbe güni Ýewropa Bileleşiginiň daşary gatnaşyklar bölüminiň başlygy Katerin Äşton Serbiýanyň we Kosowanyň premýer-ministrleri bilen gaýtadan özara gepleşik geçirýär.

Katerin Äştonyň Serbiýanyň premýer-ministri Iwisa Daçiç we Kosowanyň premýer-ministri Haşim Taçi bilen aýry-aýrylykda geçirýän bu gepleşikleri bu iki premýer-ministriň nobatdaky gepleşikleriniň öňýany gurnaldy.

Soňky iki aýyň dowamynda Serbiýa bilen Kosowanyň döwlet liderleriniň geçiren ýokary derejeli gepleşiklerinde oňyn bir öňegidişlikler yglan edilmedi.

Bu gepleşiklerde Kosowanyň demirgazygyndaky etniki serbleriň ýaşaýan regiony bilen baglanyşykly mesele henizem özara çekişmeleriň esasy temalaryndan biri bolmagynda galýar. 2008-nji ýylda Serbiýadan öz garaşysyzlygyny yglan eden Kosowanyň garaşsyzlygyny Serbiýa henizem ykrar etmän gelýär.
XS
SM
MD
LG