Sepleriň elýeterliligi

Ysraýylyň şäherine raketalar atyldy


Çarşenbe güni Ysraýylyň harby we polisiýa resmileri Müsüriň Sinaý ýarym adasyndan atylan azyndan iki raketanyň Ysraýylyň Eýlat şäheriniň çäklerine gelip düşendigini habar berdiler.

Maglumata görä, bu raketalardan hiç kim ejir çekmändir. Müsüriň Goranmak ministrligi bu raketalaryň hakykatdanam Müsüriň territoriýasyndanmy ýa başga ýerden atylandygyny anyklamak boýunça derňew işleriniň alnyp barylýandygyny mälim etdi.

Mundan bir ýyl ozal, 2012-nji ýylyň aprelinde-de Müsüriň şu Sinaý ýarym adasyndan Ysraýylyň deňiz ýakasyndaky Eýlat şäherine näbelli hüjümçiler raketa okuny atypdylar. Ýöne ol wakada-da bu hüjümden ejir çeken bolmandy.
XS
SM
MD
LG