Sepleriň elýeterliligi

ABŞ gynamalary “ikuçsuz” ulandy


Guantanamo türmesi

Guantanamo türmesi

ABŞ-da bir bitarap topar hasabat ýaýradyp, onda “2001-nji ýylyň 11-nji sentýabr hüjümlerinden soň, ABŞ-da adam gynamalarynyň ikuçsuz ulanylyp gelnendigini” nygtady.

Kongresiň ozalky iki agzasy – respublikan Asa Hutçinson we demokrat Jeýms Jones tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän “Tussaglara çemeleşmek baradaky wezipeleri öz içine alýan Konstitusiýa proýekti” atly topar sişenbe güni Waşingtonda gurnalan metbugat ýygnagynda çykyş edip, hasabat bilen tanyşdyrdy.

Kongresiň ozalky agzalaryndan, ilçilerden, sudýalardan we häkimiýet resmilerinden düzülen 11 adamlyk bu topar 16 aýyň dowamynda barlag alyp bardy.

Toparyň ýolbaşçylaryndan biri – Asa Hutçinson adamlary gynamak arkaly wajyp maglumatlaryň alnandygyny görkezýän ynandyryjy delilleriň tapylmandygyny aýtdy.

Huçinson: “Elýeterli bolan maglumatlardan çen tutulsa, onda terrorizmde aýyplananlara garşy giň gerimli gynamalaryň ulanylmagynyň zerur bolandygyna, şeýle-de şol maglumatlaryň başga ýollar arkaly alnyp bolmajakdygyna güwä geçýän ynandyryjy subutnama ýok” diýýär.

Jeýms Jones barlaglaryň birnäçe ýurtda, şol sanda Guantanamo türmesinde hem geçirilendigini mälim etdi: “Bu işde köp maglumatlar ulanyldy. Iki ýyla golaý wagt dowam eden bu iş elýeterli maglumatlara, şeýle-de 100-e golaý, şol sanda öňki tussaglar, harby we aňtaw ofiserleri bilen geçirilen söhbetdeşliklere esaslanýar. Topar Owganystandaky, Yrakdaky, Liwiýadaky, Litwadaky, Polşadaky, Britaniýadaky we Guantanamo türmesindäki faktlary seljerdi”.

Hasabatda esasy üns Jorj W. Buşuň prezidentlik eden döwrüne gönükdirilen bolsa-da, ol prezident Barak Obamanyň häkimiýetini hem “çendenaşa ýaşyrynlykda” tankytlady.

Emma, hasabatda bellenmegine görä, Obamanyň hökümeti “Gyzyl Haç Halkara Jemgyýetine tussaglaryň ýagdaýy bilen bagly maglumatlary elýeterli etmek, şeýle-de tussaglaryň halyndan habar tutmak düzgünlerini gowulandyrypdyr”.

Hasabatda gynamalary ulanmak, şeýle-de olary ýaşyrmak ýaly çäreleri aklap biljek düşündirişiň bolup bilmejekdigi nygtalýar.
XS
SM
MD
LG