Sepleriň elýeterliligi

Londonda Tetçeriň jaýlanyşy gurnaldy


Çarşenbe güni Londonda Britaniýanyň ozalky premýer-ministri Margaret Tetçeriň jaýlanyş çäresi geçirilýär. Margaret Tetçer geçen hepde, 8-nji aprelde 87 ýaşynyň içinde aradan çykdy.

Onuň jaýlanyş çäresine gatnaşmak üçin çarşenbe güni Londona dünýäniň dürli ýurtlaryndan döwlet liderleri we ýokary derejeli hökümet resmileri bardylar.

Özüniň tutanýerli şahsy hil-häsiýeti bilen “Demir ledi” adyny alan Margaret Tetçer 1979-njy ýyldan 1990-njy ýyla çenli aralykda Britaniýanyň premýer-ministri bolup işläpdi.

Köp synçylar onuň Britaniýa ýolbaşçylyk eden ýyllaryna ýurduň pessaýlan ykdysadyýetini reformirlemek işleriniň amala aşyrylan ýyllary hökmünde baha berýärler. Ýöne, beýleki tarapdan, Margaret Tetçeriň erkin bazar syýasaty köp dawalara we tankytlara-da sebäp bolupdy.
XS
SM
MD
LG