Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Ýurtda elýeterli jaýlaryň salynmagy gerek"


Türkmenistanda oba adamlary üçin gurulýan täze jaýlar.
Türkmenistanda oba adamlary üçin gurulýan täze jaýlar.
Türkmenistanda ilatyň jaý üpjünçiligini gowulandyrmak üçin täze obalar, obalara ýanaşyk goşmaça posýoloklar, şäherçeler döredilýär.

Şol şäherçelerde gurulýan jaýlaryň adamlara nobat esasynda, bahasyny banklardan alnan karz pul bilen onlarça ýyl içinde üzmek şerti bilen berilýändigi aýdylýar.

Emma Türkmenistanda ilatyň has kän amatlykly ýaşaýyş jaýlaryna bolan isleg-talaby köp bolsa-da, olar üçin töleg etmek mümkinçiligi ýeterlik däl diýen habarlar gowuşýar.

Eýsem bu meselede başga nähili kynçylyklar bar we Türkmenistanda gurulýan täze şäherçelerde jaýlaryň bahasynyň ýönekeý adamlara, eli ýuka maşgalalara hem elýeterli bolmagy, umuman ýurtda jaý bazarynyň has giňemegi we bahalaryň aşak gaçmagy üçin nämeler edilse gowy boljak?

Azatlyk Radiosy bu barada aşgabatly aktiwist Nurberdi Nurmämmedow bilen söhbetdeş boldy.

XS
SM
MD
LG