Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Myrat: "Mellek soranym üçin işden çykaryldym"


Mary, gülli meýdan.
Mary, gülli meýdan.
Türkmenistanyň raýaty mellek ýeri üçin arza berip, öz kanuny hukugyny talap edeni üçin, başlygynyň bahana aramagy netijesinde işden çykarylandygyny aýdýar.

Ýolötenli Myrat Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde 2008-nji ýylyň awgustynda, gulluk borjuny tamamlanyndan soň işe başlandygyny aýtdy.

Ol şol ýyl öz işleýän edarasynyň ygtyýaryndaky ýerden mellek berilmegini sorap, başlygyna arza ýazypdyr. Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba uçastogynda ýerleşýän nebit-gaz edarasynyň şol wagtky başlygy onuň arzasyna “kanagatlandyrmaly” diýip, gol çekipdir.

Emma soň edaranyň başlygy çalşyrylyp, täze bellenen başlyk Myrada edaranyň ygtyýaryndaky ýerden mellek berjek däldigini aýdypdyr. Şol bir wagtda ol, Myradyň Azatlyk radiosyna gürrüň bermegine görä, Myratdan soň işe gelen işgärlere-de jaý beripdir.

Myradyň öz kanuny hukugyny talap etmegi ahyry onuň, “gijä galyp geldiň” diýip, işden çykarylmagyna sebäp bolupdyr.

Ýolötenli Myrat bulary Azatlyk Radiosyna telefon arkaly gürrüň berdi.

XS
SM
MD
LG