Sepleriň elýeterliligi

Tähranda uly çäre gurnaldy


Penşenbe güni Eýranyň prezidenti Mahmud Ahmedinejat Tähranyň iň uly “Azady” stadionynda gurnalan uly ýygnanyşykda söz sözlär diýlip garaşylýar.

Eýranyň prezident administrasiýasy 100 müň orunlyk bu stadionda geçirilýän çäräni ýakynda bellenilip geçilen Nowruz baýramçylygy günlerinde medeni çäreleri we içerki syýahatlary gurnamaga ýardam eden guramalaryň hormatyna gurnalan çäre hökmünde düşündirýär.

Emma prezidentiň tankytçylary muny prezident saýlawlarynyň bosagasynda Ahmedinejatyň öz ýakyn kömekçisi Esfandiýari Rahim Maşaeiniň kandidaturasyny öz ornuna hödürlemek üçin gurnaýan çäresi diýip häsiýetlendirýärler.

Eýrandaky indiki prezident saýlawlary şu ýylyň 14-nji iýunyna planlaşdyrylýar.
XS
SM
MD
LG