Sepleriň elýeterliligi

Tehas partlamasynda ýitgiler bar


Çarşenbe güni giçlik Birleşen Ştatlaryň Tehas ştatyndaky bir himiki dökün zawodynda ýüz beren uly partlamada ölen adamlaryň sany häzirlikçe 5 adam bilen 15 adamyň aralygynda diýlip çaklanylýar.

Bu partlamanyň bolan ýerine golaýdaky Wako şäheriniň polisiýa edarasynyň resmileri bu partlamada 160-dan gowrak adamyň ýaralanandygyny aýdýarlar.

Wako şäheriniň meri Tommi Muska himiki dökün zawodynda ýüze çykan bu uly partlamada azyndan 50 töweregi ýaşaýyş jaýyna zyýan ýetendigini mälim etdi. Ýöne Tehas ştatyndaky bu zawodda ýüze çykan partlamanyň sebäbi barada häzirlikçe anyk bir garaýyş öňe sürülmeýär.

Maglumata görä, partlamanyň ýüze çykmazyndan öň himiki dökün zawodynda ilki ýangyn ýüze çykypdyr, şonuň yzy bilenem uly partlama bolupdyr. Käbir ýangyn söndürijilerden henizem habar-hatyryň ýokdugy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG