Sepleriň elýeterliligi

Aşgabat: Ýerli saýlawlar jemlendi


Çarşenbe güni Türkmenistanyň Merkezi saýlaw komissiýasy ýakynda etrap, şäher we welaýat halk maslahatlaryndan hem-de Geňeşlerinden çykan deputatlaryň ornuna geçirilen saýlawlaryň jemlerini jemläp, maslahat geçirdi.

Türkmenistanyň mediasy ýerlerdäki bu saýlawlaryň bäsleşikli esasda geçirilendigini we oňa ýerli synçylaryň gözegçilik edendiklerini habar berýär.

Emma ýerli halk maslahatlaryna we Geňeşlere ozalky saýlanan deputatlaryň nähili sebäplere görä deputatlyk wezipelerinden gidendikleri barada welin anyk maglumat berilmeýär.

Mundan daşary, Türkmenistanyň Mejlisinden giden deputatlaryň ornuna-da kandidatlary hödürlemek kampaniýasynyň başlanandygy we bu boýunça saýlawlaryň 2-nji iýunda geçiriljekdigi habar berilýär.

Emma Mejlisiň deputatlarynyň-da nähili sebäplere görä wezipelerinden gidendikleri barada resmi mediada maglumat berilmeýär.
XS
SM
MD
LG