Sepleriň elýeterliligi

Pakistan: Muşarraf öý tussagy edildi


Perwez Muşarraf

Perwez Muşarraf

Pakistanyň ozalky prezidenti Perwez Muşarraf anna güni, Yslamabat sudunyň tussag etmek baradaky buýrugyna tabyn bolanyndan soň, iki günlük öý tussagy edildi.

Pakistan telewideniýesi anna güni irden Muşarrafyň polisiýa ofiserleri tarapyndan Yslamabat suduna alnyp barylýandygyny görkezdi.

Yslamabadyň Ýokary sudy penşenbe güni irden dynç alyşdaky 69 ýaşly generaly tussag etmegi buýurdy, emma Muşarrafyň howpsuzlyk topary ony tussag edilmezinden öň maşynyna mündürip ýetişdi. Ol Yslamabadyň çetinde ýerleşýän berk goragly jaýyna gitdi.

Muşarrafyň aklawçysy Ahmed Raza Kasuri suduň öz müşderisini tussag etmegi buýurmagyny tankyt etdi:

“Bu günki karar örän täsin we Pakistanyň taryhynda girew berip bolýan mahaly girew berilmezliginiň ilkinji mysaly boldy. Şuňa garamazdan, sudýalar şunuň ýaly işlerde ýa girew berýärler, ýa bermekden boýun towlaýarlar, emma hiç wagt aýyplanýany tussag etmegi buýurmaýarlar.”

Muşarrafyň aklawçylary tussag etmek buýrugyndan soň, girew sorap, Ýokary suda arza berjekdiklerini aýdypdylar, emma olar muny başarmadylar.

Öňki prezidentiň problemalary

Muşarrafyň girewi onuň 2007-nji ýylda, prezident mahaly ýokary derejeli sudýalary, şol sanda Ýokary suduň baş sudýasyny işden aýyrmagy bilen baglylykda ýatyryldy.

Muşarrafyň uly kömekçisi Mohammad Amjad Muşarrafyň uly kömekçileriniň we aklawçylarynyň onuň kanuny hukuk ýagdaýyny we geljekki syýasy strategiýasyny seresaplylyk bilen gözden geçirýändiklerini aýtdy:

"Maslahatyň esasy meseleleri şu günki bolan wakalar, geljekki sagatlarda we günlerde bolmagy mümkin zatlar barasynda. Şeýle-de biz özümiziň geljekki ugrumyzy kesgitläris. Biz öz halka aýtjak zadymyzy metbugat üsti bilen ýetireris."

Muşarrafyň hukuk problemalary ol geçen aý, 11-nji maýda geçiriljek umumy saýlawlarda bäsleşmek üçin, dört ýyllyk meýletin sürgünden dolanyp geleli bäri ýitileşdi.

Şu hepdäniň başynda, ýurduň çar künjegindäki saýlaw tribunallary onuň öz saýlan okruglarynda, demirgazyk-günbatrdaky Haýber Pahtunwa welaýatynda, Yslamabatda, günortadaky deňiz-port şäheri Karaçide, gündogardaky Panjab welaýatynyň Kasur etrabynda bäsleşige gatnaşmagyny gadagan etdi.

Saýlaw resmileri we sudýalar, Muşarrafa garşy dowam edýän sud işlerine salgylanmak bilen, onuň kandidatlygyna garşy durýarlar.

Muşarrafa, yzyna dolanyp gelmezinden öň, 2007-nji ýylda öldürilen öňki premýer-ministr Benizir Bhutto, 2006-njy ýylda öldürilen buluç pitneçi lideri bilen bagly işler boýunça girew kepillendirildi.
XS
SM
MD
LG