Sepleriň elýeterliligi

ABŞ: Gümürtik bukjalar boýunça tussag edişlik


Birleşen Ştatlaryň Federal Derňew Býurosy prezident Barak Obamanyň we bir senatoryň adyna içi gümürtik bir himiki jisimli bukjany ýollamakda güman bildirilýän adamyň tussag astyna alnandygyny habar berdi.

Çarşenbe güni tussag edilen bu erkek kişiniň Missisipi ştatynyň Korins şäheriniň 45 ýaşly ýaşaýjysydygy aýdylýar. Federal Derňew Býurosynyň resmileriniň aýtmagyna görä, prezident Barak Obamanyň we senator Rojer Wikeriň adyna ýollanan bukjalardaky ýazgylar bir adam tarapyndan ýazylypdyr.

Ýöne sişenbe güni Ak Tama we Kongrese gelip gowşan bu bukjalaryň içinde ölüm howply risin maddasynyň alamatlaryny görkezýän jisimiň bardygy anyklanan badyna, ol bukjalar barlag bölümlerinde saklanypdyr.

Häzirki wagt bu bukjalardaky maddany doly takyklamak boýunça olarda has düýpli barlaglaryň geçirilýändigi aýdylýar.
XS
SM
MD
LG