Sepleriň elýeterliligi

Serbiýa we Kosowa ýene ylalaşyga gelmedi


Çarşenbe güni giçlik Serbiýanyň we Kosowanyň premýer-ministrleriniň Brýusselde geçiren nobatdaky gepleşikleri ýene oňyn bir netije bermezden tamamlandy.

Ýewropa Bileleşiginiň daşary gatnaşyklar bölüminiň başlygy Katerin Äştonyň araçyllyk etmeginde Iwisa Daçiç bilen Haşim Taçiniň bu gepleşikleri 14 sagat dowam etdi.

Käbir habar çeşmeleriniň maglumatyna görä, bu gepleşikde Serbiýa Kosowanyň demirgazyk regionyndaky etniki serblere has köp awtonomiýa berlen halatynda Kosowanyň häkimiýetini ykrar etmäge taýýardygyny bildiripdir.

Soňky iki aýyň dowamynda Serbiýa bilen Kosowanyň geçiren birnäçe ýokary derejeli gepleşiklerinde oňyn bir öňegidişlikler bolmady. 2008-nji ýylda Serbiýadan öz garaşysyzlygyny yglan eden Kosowanyň garaşsyzlygyny Serbiýa henizem ykrar etmän gelýär.
XS
SM
MD
LG