Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Muşarrafy tussag etmek karar edildi


Penşenbe güni Yslamabadyň sudy ýurduň ozalky prezidenti Perwez Muşarrafyň tussag astyna alynmalydygy barada karar çykardy. Emma suduň zalynda Muşarrafyň janpenalary onuň tussag edilmegine ýol bermän, ony zaldan alyp çykdylar.

Perwez Muşarrafyň kömekçisi Muhammad Amjad penşenbe güni žurnalistlere beren interwýusynda Muşarrafyň girew esasynda azatlykda galmagy üçin ýurduň Ýokary Suduna arza berjekdiklerini aýtdy.

Bu wakanyň yzy bilen şol gün Pakistanyň sudy Yslamabadyň polisiýa edarasynyň başlygyny soraga çagyryp, Muşarrafyň tussag edilmezligi boýunça düşündiriş bermekligi talap etdi.

Soňky ýyllar dört ýyl bosgunlykda ýaşan 69 ýaşly Perwez Muşaffar ýakynda Pakistana dolanyp barypdy. Ol 11-nji maýda geçiriljek parlament saýlawlaryna gatnaşmaklygy planlaşdyrýar.

Emma Pakistanyň kanun goraýjy organlary oňa ýurda liderlik eden ýyllarynda sudlaryň birnäçe sudýasyny, şol sanda Ýokary Suduň sudýasyny-da wezipelerinden bikanun çetleşdirmekde aýyplama bildirýärler.
XS
SM
MD
LG