Sepleriň elýeterliligi

Serbiýa we Kosowa ýene gepleşik geçirýär


Serbiýanyň we Kosowanyň premýer-ministrleri Ýewropa Bileleşiginiň araçyllyk etmeginde anna güni ýene Brýusselde gepleşik geçirmegi planlaşdyrýarlar.

Serbiýanyň premýer-ministri Iwisa Daçiç bilen Kosowanyň premýer-ministri Haşim Taçiniň çarşenbe güni giçlik geçiren soňky gepleşikleri anyk bir netije bermändi.

14 sagat dowam eden şol gepleşikleriň yzy bilen öz ýurtlaryna dolanandyklaryna garamazdan, Ýewropa Bileleşigi olary ýene nobatdaky gepleşiklere çagyrdy.

Serbiýa bilen Kosowanyň özara gepleşiklerinde Kosowanyň territoriýasyndaky serb azlyklarynyň ýaşaýan regionynyň statusy baradaky mesele çözülmesi kyn meselelerden biri bolmagynda galýar.

Ýewropa Bileleşiginiň daşary gatnaşyklar bölüminiň başlygy Katerin Äşton Bileleşigiň duşenbe gününe planlaşdyrýan maslahatyndan öň Serbiýanyň we Kosowanyň bu dawaly meselede gutarnykly bir ylalaşyga gelmeklerine umyt edýändigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG